Bu barlaga Pittsburg uniwersitetiniň patologiýa professory Erik Lagass ýolbaşçylyk etdi. Ol köpden bäri bagyr kesellerini bejermegiň kliniki usullaryny öwrenmäge gatnaşyp, syçanlar bilen synag geçirdi. Olar gemrijilerde täze sagdyn bagyr ösdürmek arkaly, tehnologiýany synagdan geçirdiler. Hünärmenler bedeniň laboratoriýasynda donor öýjükleriniň kömegi bilen zeper ýeten organyň täze ornuny tutujy görnüşini ösdürmegi başardylar. Alymlar bagyr kesellerini bejermekde täze çemeleşmäni ulanmagy teklip edýärler.
Hünärmenleriň pikiriçe, indi hassalara transplantasiýa bilen kyn operasiýasyny başdan geçirmek zerurlygy bolmaz. Kompaniýa, ahyrky bagyr keseli bolan 12 sany uly ýaşly hassada bejergini barlamagy meýilleşdirýär. Ähli zat meýilnama boýunça gabat gelse, soň hassanyň bedeninde täze sagdyn bagryň ösemegine garaşylýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby