Bedenimizde her sekuntda köne öýjükleri täze öýjükler bilen çalyşmak ýaly millionlarça proses bolup geçýär. Bu üznüksiz täzeleniş prosesi durmuşymyzyň we saglygymyzyň esasyny düzýär. Bedenimizdäki dürli öýjükleriň ömri dürli-dürlidir. Deri öýjükleri, mysal üçin, birnäçe hepdede, birnäçe aýda gan öýjükleri we birnäçe ýyldan süňk öýjükleri täzelenýär.
Bedenimiziň her on ýylda bir gezek özüni täzeleýändigini birnäçe geçirilen ylmy barlaglar netijesinde subut edildi. Ýöne bedenimiziň käbir öýjükleri, mysal üçin beýnimizdäki neýronlar ömrüň dowamynda täzelenmeýär. Şeýle-de bolsa, bu döwürde bedenimizdäki öýjükleriň köpüsi çalşylýar.
Öýjükleriň täzeleniş prosesi genetiki maglumatlary öz içine alýan DNK bilen başlaýar. Öýjük köne ýa-da zaýalananda, şol DNK-dan ýasalan täzesi bilen çalşylýar. Bu amal dokumalaryň we organlaryň gurluşynyň we funksiýalarynyň saklanmagyny üpjün edýär.
Beden öýjükleriniň täzeleniş tizligi köp faktorlara, şol sanda ýaşa, ýaşaýyş durmuşyna, iýmitlenişine we saglyk ýagdaýyna baglydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi, dogry iýmitlenmek we bedenterbiýe işjeňligi öýjükleriň has täzelenmegine goşant goşýar.
Öýjükleriň täzelenmeginiň ähmiýeti
Öýjükleriň täzelenmegi saglygy we uzak ömri goramakda möhüm rol oýnaýar. Bedenimize zeperlerden gutulmaga, ýokançlyklara garşy göreşmäge we üýtgeýän şertlere uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär.
Sähra Kerimbaýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby