Beýni bilen myşsalar arasynda näme tapawut bar? Myşsalar beýniden örän giç “öwrenýärler” diýip belleýärler. Has dogrusy beýni örän çalt öwrenmäge ukyply. Meselem tigir sürmegi öwrenen adam 30 ýyldan soň hem ony sürüp bilýär.
Edil myşsalar ýaly beýni hem her günki idege mätäçdir. Beýnä kämilleşmek zerurdyr. Beýniniň gowy işlemegi üçin birnäçe ýönekeý düzgünler bardyr. Olar:
Grek hozuny iýiň we ter miwe suwlaryny içiň.
Her gün täze howada aýlanyň.
Doly ukyňyzy alyň.
Biografiýalar baradaky filmlere tomaşa ediň, olar höwesiňizi güýçlendirer.
Çalt okamak bilen meşgullanyň.
Beýik akyldarlaryň sözlerini öwreniň, goşmaça okuwlara gatnaň, surat çekmegi we tans oýnamagy öwrenmäge synanyşyň.
Hiç haçan men başarmaryn diýmäň, adamda esasy isleg we höwes bolmaly, siz ähli zady başararsyňyz!
Türkmen oba hojalyk institutynyň