Saglygy gorap saklamak adamyň baş islegidir. Adam saglygyny goramak jemgyýetçilik gurluşy bilen aýrylmaz baglydyr. Ilatyň saglygyny goramak baradaky ähli çäreler döwlet tarapyndan 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde kanunçylyk esasynda geçirilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda iri sport hem-de atçylyk sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, döwrebap sport düzümleriniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport ulgamy uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik döredýär.
1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasy güýje girizildi. Şol ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň konstitusiýasy tassyklanýar. 1950-nji ýylyň 7-nji aprelinden bäri Bütindünýä saglyk güni halkara derejesinde bellenilýär.
Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) agzasy boldy. Şol ýyllardan bäri hem ýurdumyz Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ilatyň saglygyny goramak we oňa howp salýan täsirleri aradan aýyrmak, dünýäde ýaýran howply ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek boýunça maksatnamalary ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanda bedenterbiýe we sport hereketini giňden ýaýratmak ýaly giň möçberli işi ýaşlaryň arasynda wagyz edilmegi, talyplaryň gatnaşmaklarynda baýramçylyk çäreleriň we ýokary okuw mekdeplerinde duşuşyklaryň geçirilip, olara gatnaşýan ýaşlaryň işjeňligi ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändigini ýene bir gezek subut edýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby