Bütindünýä temmäkä garşy göreş güni her ýylyň maý aýynyň 31-inde giňden bellenilýär. 2024-nji ýylda bu sene “Çagalary temmäki senagatynyň päsgelçiliklerinden goramak” şygary bilen belleniler. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) agza döwletleri 1987-nji ýylda Temmäkä garşy Bütindünýä göreş günini döretdiler.
Saglygy goraýyş aktiwistleri temmäki önümleriniň ýaşlara ýetirýän zyýanlary barada halka bilim bermek üçin ýene bir gezek birleşerler.
Bu ýyl, Bütindünýä temmäkä garşy göreş güni, esasanam ýaşlara gönükdirilen temmäki önümleriniň ornaşdyrylmagyny bes etmek baradaky tagallalary goldamagy maksat edinýär. Bu gün Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy jemgyýeti, ene-atalary we mugallymlary maksatly mahabat ýaly akylly strategiýalara garşy birleşmäge çagyrýar.
Ýurdumyzda temmäkä garşy göreş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgerini wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby