Miweler çagalar üçin peýdaly önümleriň biridir. Olar A,B,C topar witaminlerine baýdyr. Olaryň düzüminde ýod, sink, demir, selen we fosfor, natriý, kalsiý, magniý ýaly makroelementler bardyr. Iň gowysy import edilýänlere şüphelenmez ýaly, möwsüme görä miwe saýlamakdyr. Çagara diňe bir alma bilen banan dälde, dürli miweleri iýdirmelidir:
Greýpfrut C witaminini, minerallary, efir ýaglaryny, kletçatkany we fitonsitleri köp saklaýandygy üçin örän peýdaly hasapalanylýar. Fitonsitler aşgazan-içege ulgamynyň işlemegine goşant goşýar. C witaminiň bolmagy sebäpli grepfrut kesellere we ýokançlyklara garşy göreşýär, sowuklama we wirus kesellerini ýeňip geçmäge ýardam edýär.
Alma C we B witaminlerine, demir, kaliý, antioksidantlara we pektinlere baýdyr. Pektin çaganyň bedenindäki zäherli maddalary aýyrmaga, arassalamaga kömek edýär. Şeýle hem aşgazan-içege ulgamynyň agzalarynyň işini kadalaşdyrýar, işdäni gowulaşdyrýar.
Limonyň ýiti turşy tagamy bar, şonuň üçin olary çagalaryň iýmitine goşmak aňsat däl. Limon C witamini saklamak boýunça miweleriň arasynda birinji ýerde durýar. Sowuklamanyň başlangyç döwründe limon iýip antibiotikleri we beýleki dermanlary ulanmakdan saklanyp bolýar. Çagalara limony şeker sepip, suw bilen garylan şire görnüşinde içirip bilersiňiz. Emma limony iýmitine goşulanda seresap bolmaly, çaganyň bedenindäki ähli üýtgeşmelere gözegçilik etmeli.
Banany çagalar örän halaýar. Ol gündelik iýmitimize berk ornaşdy. Bu miwede C we B witaminleri, aminokislotaly triptofan şeýle hem kalsiý, demir we kaliý bar. Banandaky B witaminleriň mukdary nerw ulgamy üçin peýdalydyr. Ol çagalarda bagt garmonynyň öndürilmegine sebäp bolýar. Banan aşgazan- içege agzalarynyň işleýşini gowulandyrmaga, ýürek- damar ulgamynyň kesellerine kömek edýär.
Erik A,B,C witaminleriň minerallaryň, fosforyň we pektiniň çeşmesidir. Erik metobolizmi we öýjükleriň täzelenmegini çaltlaşdyrýar, bedendäki ýaralary bejermäge kömek edýär. Immuniteti ýokarlandyrýar, demire baý bolandygy sebäpli ganazlygy bolan çagalaryň iýmitine goşulýar ýa-da onuň öňüni almak üçin maslahat berilýär.
Hurma Akyýewa
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi