Çagalaryň agyz boşlugynyň saglygy olaryň umumy beden ösüşiniň, psihologik ýagdaýynyň we gündelik durmuş rahatlygynyň aýrylmaz bölegidir. Agyz boşlugynyň nemli bardasy dürli keselleriň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykýan ýeri bolup hyzmat edýär
Çagalaryň arasynda iň köp duş gelýän agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleriniň hatarynda stomatit, gingiwit we dürli ýokançly täsirler bilen baglanyşykly ýagdaýlar görkezilýär. Stomatit çagalarda immun ulgamynyň ejizlenmegi, düzüw däl iýmitlenme ýa-da ýokançly mikroorganizmleriň täsiri netijesinde ýüze çykyp bilýär. Bu ýagdaýda agyz boşlugynda agyryly ysmazlar emele gelýär, olar çaganyň iýmitlenmegini we gündelik ýaşaýşyny kynlaşdyrýar.
Gingiwit bolsa diş ýakasynda ýüze çykýan nemli bardanyň gyzarmagy we çişmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ony dogry arassalanmadyk dişler, witamin ýetmezçiligi we dürli bakteriýalaryň täsiri güýçlendirip bilýär. Çagalarda gingiwitiň wagtynda bejerilmezligi dişleriň etinde çişme ýaly kynçylyklara getirip biler.
Şeýle hem wiruslar we bakteriýa ýokançlary netijesinde agyz boşlugynda dürli üýtgeşmeler döräp bilýär. Mysal üçin, herpes wiruslary çagalarda agyz boşlugynda agyryly ysmazlary döredýär. Şeýle ýagdaýlar diňe bir agyz boşlugynyň saglygyna däl, eýsem çaganyň umumy ýagdaýyna hem ýaramaz täsir edýär.
Çagalaryň agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleriniň öňüni almak üçin ilki bilen şahsy arassaçylyk düzgünlerine üns bermek zerurdyr. Çagalaryň dişlerini kadaly arassalap durmagy, peýdaly we witaminlere baý iýmitlenmegi, gyzgyn ýa-da sowuk iýmitlerden howlukman peýdalanmagy wajypdyr. Şeýle-de wagtal-wagtal stomatolog lukmanyna ýüz tutmak, barlaglardan yzygiderli geçmek hem möhüm ähmiýete eýedir.
Netijede, çagalaryň agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri diňe bir lukmançylyk meselesi bolman, eýsem jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleriň biri hökmünde hem garalmalydyr. Sagdyn agyz boşlugy çagalaryň beden taýdan kadaly ösmegine, aň taýdan ösüşine we durmuşda işjeň gatnaşmagyna möhüm ýardam berýär.
Maral Durdyýewa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 1-nji ýyl talyby


