Her gün 10 müň ädim ýöremegiň adam saglygy üçin peýdalydygy ählimize mälim bolsa gerek. Emma ol diňe bir herekete däl, eýsem ýöreýiş tizligine hem bagly bolup durýar. Soňky geçirilen barlaglaryň netijesi şähdaçyk depginde ýöremegiň has peýdalydygyny aýdyň subut edýär. Alymlar sagdyn adamlaryň bir gündäki ortaça ädim sanyny we tizligini ölçemek arkaly barlag geçirdiler. Belli bolşy ýaly, köp ýöreýän adamlarda köne keselleriň hem-de irki ölüm howpunyň seýrek duş gelýändigi ýüze çykaryldy. Hususasan-da, tiz hereketiň has peýdalydygy anyklanyldy. Alymlar günde 2000 ädim ýöremegiň irki ölüm howpuny 8-11 %, 3800 ädim ýöremegiň demensiýanyň döremek howpuny 25 %, 9800 ädim ýöremegiň 50 % peseldýändigini aýdýarlar.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby