Häzirki wagtda lukmançylykda üzüm we üzüm önümleri bilen bejeriş üstünlikli ulanylýar.Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Ol däneli we dänesiz, gara, sary reňkde bolýar. Ibn Sina özüniň «Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary» atly kitabynda üzümiň ter we kakadylan kişmişiniň içegelerde agyry dörände, böwregiň we peşew haltasynyň keselleri ýüze çykanda ulanylyşy barada belläp geçen bolsa, Seýit Ysmaýyl Gürgenli «Horezm şanyň genji-hazynasy» atly ylmy eserinde üzümiň göwnüçökgünlikde, nerw bozulmalarda giňden ulanylýanlygyny beýan edýär. Ýurdumyzyň klimat şertlerinde halyly, gelinbarmak, gözel gara, gyzyl kişmiş, gara kişmiş, terbaş, gürgoýy, riş baba ýaly görnüşleri giňden ösdürilip ýetişdirilýär.Üzümiň häzirki wagtda 350-ä golaý görnüşi bellidir. Dünýä boýunça her ýylda 77 518 398 tonna üzüm öndürilýär. Hytaý Halk respublikasy, Italiýa, ABŞ we Fransiýa ýaly ýurtlar üzüm öndürmek boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär.
Şeýle-de üzümiň düzüminde bakterisid, antioksidant, neýrostimulirleýji, gurplandyryjy, şöhlelenmä, gaýnaglama garşy täsirli we beýleki bejeriji häsiýetli birleşmeleriň 300-e golaýy saklanýar. Düzümindäki bioflawonoidler ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny azaldýar. Ganyň düzümindäki holesterini belli derejede peseldýär. Şol sebäpli üzüm iýmegi halaýan adamlarda ateroskleroz keseli az duşýar, bu bolsa, garran çagy hem ýatkeşligini ýitirmän saklamak ukybyny ýokarlandyrýar. Üzüm arterial gan basyşynyň kadalaşmagyna hem peýdalydyr. Onuň düzümindäki kaliý we magniý ýüregiň, şeýle-de nerw, süňk-myşsa ulgamlarynyň kadaly işlemegine peýdalydyr. Üzümi ýerlikli ulanmak netijesinde ýürek-damar, nerw keselleriniň, ganazlygyň öňüni almak bolýar. Gara üzüm ganda gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar, süňk ýiliginiň gan dörediji funksiýasyny işjeňleşdirýär.
Ýurdumyzyň klimat şertlerinde halyly, gelinbarmak, gözel gara, gyzyl kişmiş, gara kişmiş, terbaş, gürgoýy, riş baba ýaly görnüşleri giňden ösdürilip ýetişdirilýär.
Üzümi çybygyndan, ýere gömmek we kesmek arkaly köpeltmek häzirki wagtda giňden ýaýrandyr we az harajat talap edýändir. Çybygyny gömmek arkaly köpeltmek howanyň gurak bolmadyk we onuň temperaturasynyň üýtgemeýän wagtlarynda – tomus we güýz pasyllarynyň ilkinji günlerinde geçirmek amatlydyr. Kadaly temperaturanyň bolmagy üzümiň ýere gömülen pyntyklaryndan kökjagazlaryň çaltlyk bilen çykmagyna getirýär. Ýere gömülip, gapdal ýanyndan çykarylan çybykda ene üzümiň ähli häsiýetleri saklanyp galýar.
Hasyl berýän üzüm agaçlaryna häzirki döwürde ýokary derejede agrotehniki çäreler geçirilýär. Olary timarlamak, düýbüni ýumşutmak we sürüm işlerini netijeli alyp barmak boýunça gyzgalaňly möwsüm dowam edýär.
ARBAPOW SERDAR
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň mugallymy