Deriniň ýaşlygy we gözelligi iýmitlenmekden başlaýar. Galyberse-de, bedenimiziň ýagdaýy derimiziň we saçymyzyň gözelligine gönüden-göni täsir edýär. Munuň üçin bolsa biz gündelik durmuşda miweler we gök önümler bilen iýmitlenmelidiris. Geliň, derimiziň ýaşlygyny we gözelligini saklamaga ýardam edýän esasy gök önümleri we miweleri agzap geçeliň. Näme üçin olar beýle peýdalyka?
Garpyz
Bilşiňiz ýaly, garpyzyň miwesiniň 92%-ini suw düzýär. Şonuň üçin garpyz teşneligi netijeli öçürýär we bedende we esasanam deride zerur çyglylygy saklamaga kömek edýär. Şeýle hem düzüminde askorbin kislotasy, karotin, niasin ýaly köp mukdarda antioksidantlar bar.
Ir-iýmişler
Çernika, böwürslen, göwje, smorodina, tut — bularyň hemmesi antioksidantlara baý we deri öýjükleriniň täzelenmeginde möhüm orny eýeleýär. Bu miweleri her gün iýiň ýa-da halaýan tagamlaryňyza goşuň.
Alma
Adaty lukmançylyga görä, alma aşgazanyň we öýkeniň işleýşini gowulandyrmakda täsirli. Olarda kaliý, pektin, çakyr we alma kislotalary, şeýle hem antosianlar bar. Bu jadyly antosianlar süňkleri berkitmäge we kislota-esas deňagramlylygyny saklamaga kömek edýär.
Nar
Nar peýdaly elementlere we antioksidantlara örän baýdyr. Güne ýanmadan gutulmaga kömek edýär, deriniň çeýeligini ýokarlandyrýar we sowuklamadan açýar.
Hoz
Hozlar köp mukdarda peýdaly omega-3 kislotalaryny öz içine alýar. Olaryň kömegi bilen hoz çyglylygy saklaýar, toksinleri aýyrýar we sowuklamadan açýar.
Pomidor
Pomidorda kollageniň öndürilmegine gatnaşýan, şeýle hem antioksidant polifenollary ösdürmäge kömek edýän C witamini köp saklanýar.
Şugundyr
Bu kökimiweli gök önüm kaliý, natriý, kalsiý, magniý elementlerine we A, E witaminlerine baý — bularyň hemmesi deriniň saglygy we gözelligi üçin peýdalydyr. Şugundyryň suwy bedendäki toksinleri çykarmakda peýdalydyr.
Gülşat BEKIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby