Demansiýa näme?
Demansiýa başgaça «gizlin kesel» hem diýilýär: birnäçe ýyllap ünsden düşüp bilýär. Köplenç keseliň gidişini haýallatmak mümkin däl diýen ýaly ýüze çykýar.
Demansiýadan goranmak we akyl aýdyňlygyny saklamak üçin hünärmenlerden aşakdaky maslahatlary berýärler:
Pul dolandyryşy bilen baglanyşykly mesele
Demansiýa adamlarda döremezden ozal birnäçe ýyllap maddy taýdan kynçylyk çekýärler. Newrologiýa professory Uinston Çiong şeýle düşündirýär:
«Býudjeti dolandyrmak beýniniň birnäçe ýerleriniň özara täsirini talap edýän çylşyrymly mesele. «Bu meselede ýüze çykan ilkinji ýalňyşlyklar demansiýany görkezip biler.»
Pul dolandyryp bilmezlik köplenç demansiýanyň seýrek duş gelýän görnüşi bolan frontotemporal demansiýa bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hassalar zaýaçylyga ýykgyn edýärler we olary dolandyrmak aňsat bolýar
Eger köne dostuňyz birden uly harytlar satyn alyp başlasa ýa-da nätanyş adamlara pul bermek bilen aldansa, olary ynamsyzlyk we sadalyk bilen günäkärlemeli däl. Munuň ýerine, lukmana görkezmeli we zerur synaglardan geçmeli
Uky meselesi:
Newrolog professor Jo Wineriň pikiriçe, garrylaryň köpüsi ukydan kynçylyk çekýärler. Kimdir biriniň uky endikleri düýpgöter üýtgese, lukmana ýüz tutmalydyrlar.
«Alsgeýmer keseli, beýniniň uky we oýanma siklini kadalaşdyrmak üçin jogapkär ýerinde näsazlyklar bar bolsa ösüp biler. Ýagny, uky görnüşleriniň şeýle üýtgemegi keseliň alamatlary ýüze çykmazdan birnäçe ýyl öň bolup biler » diýip belleýär.
Şahsyýetiň duýdansyz üýtgemegi
2023-nji ýyldaky gözleglere görä, demansiýaly adamlar aň-düşünjäniň bozulmagynyň beýleki alamatlary ýüze çykmazdan ozal aragatnaşyk gurmak we jemgyýetleşmek ukybynyň peselmegine eýe. Demansiýanyň ösmegi bilen bu aýratynlyklar has aýdyň bolýar.
Maşyn sürmekde kynçylyk
Lukman Angela Rey: «Awtoulag sürmek köp adam üçin ýönekeý bir ussatlyk ýaly bolup görünse-de, aslynda konsentrasiýa, gowy ýat, çalt reaksiýa we giňişlik habardarlygyny talap edýän çylşyrymly mesele» diýip belleýär
2022-nji ýyldaky gözlegiň netijesine görä, aň-düşünjäniň bozulmagy ulag sürüp barýarka duýdansyz tizlenmek we tormuzlamak, gyzyl yşyklara we durmak alamatlaryna üns bermezlik ýaly ýagdaýlarda ýüze çykýar. Netijede, adamda betbagtçylyk has köp bolýar.
Ys duýgusynyň ýitmegi
Beýnide ysy dolandyrýan bölekler Alsgeýmer we Parkinson kesellerinden ejir çekýän ýerlere ýakyn ýerde ýerleşýär.
Ýokardaky alamatlaryň hemmesi psihiatr bilen maslahatlaşmagyň sebäbi: irki demansiýa ýüze çykarylsa, onuň ösüşini haýallatmak mümkinçiligi şonça köp bolýar.
Şeripow Pena
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby