Efir ýag ösümlikleri ýa-da Eteronlar ýörite öýjüklerde ýa-da mäz tüýlerinde hoşboý ysly efir ýaglary üýtgäp durýan birleşmeleri ýerleşýän ösümliklerdir. Olar suwda eremeýär diýen ýalydyr. Bular dürli çylşyrymly organiki garyndyly birleşmeleri: terpenleri, spirtleri, aldegidleri, ketonlary saklaýar.
Bu ösümliklere XIX asyrda, olardan ilkinji nobatda efir ýaglaryny, senagat mukdaryndaky hoşboý ysly maddalary alyp başlanlaryndan soňra efir ýag ösümlikleri diýip atlandyryp başladylar. Saýawanlar, rutlar maşgalasyna degişli 3000-den gowrak ösümlik görnüşiniň hoşboý ýag öndürýändigi hasaba alyndy. Ýöne senagat taýdan möhüm dünýäde 200 töweregi görnüş bar.
Iň köp mukdarda efir ýaglary güllerde we miwelerde, ýapraklarda, baldaklarda we ýerasty organlarda bolsa az mukdarda efir ýagy saklanýar. Saglaryň sany göze ilmeýän yzlardan üýtgeýär. Gury maddalara esaslanyp 20-25% -e çenli. Efir ýaglaryň köp bölegi (ähli görnüşşiň 44% -e çenlisi) tropiki we subtropikleriň howa şertlerinde ösýär (sitrus miweleri), gwozdika agajy, lawr agajy, darçyn agajy, zenjebil we ş.m. Bu ekinleriň senagat plantasiýalary hem bar.
Ýabany ösýän görnüşler aram howaly sebitde ösdürilip ýetişdirilýär. Esasy otjumak efir ýag berýän görnüşleri — koriandr, bidenek (şalfeý), reýhan, tmin, anis, patçuli, şibit. Iň gymmatly efir ýag berýän ösümlik maşgalalaryna: zenjebiller, sandallar,, lawrlar, bägüller, geranlar we rutlar degişlidir. Efir ýag berýän ösümliklerine köp sanly dermanlyk ösümlikler hem degişlidir — ewkalipt, kamfor agajy, narpyz, badyýan, timýan, rozmarin, rutlar we ş.m.
Efir ýaglary köplenç açyk, reňksiz ýa-da sarymtyl seýrek goýy goňur (darçyn ýagy), gyzyl (timýan ýagy), gök ýa-da düzüminde azuleniň barlygy üçin ýaşylymtyl gök ( çopantelpek ýagy, boýbodran, ajy ýowşan) reňde bolan suwuklyklardyr. Olar hoşboý ysly, ýakymly, ajy, awuşadyjy tagama eýedirler. 1935-nji ýylda Rene Morris Gattefosse ilkinji gezek «aromaterapiýa» adalgasyny döretdi we efir ýag beriji ösümliklerini esasy komponente baglylykda 7 topara bölýär:
- Terpen spirtleri we efirler
- Aldegidler
- Ketonlar
- Laktonlar
- Fenollar
- Oksidler
- Terpenler
Käbir awtorlar efir ýaglaryny himiki düzümine görä 3 topara bölýärler:
uglewodorodly, kislorodly we sulfanly.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby