Efir ýagly ösümlikleriň tohumlarynda ýa-da gül çogdumynda, ýapraklarynda, baldaklarynda we beýleki synalarynda dürli organiki birleşmeleriň: uglewodlaryň, spirtleriň, fenollaryň, efirleriň, aldegidleriň, ketonlaryň we organiki kislotalaryň garyndysy bolan aromatiki maddalar — efir ýaglar saklanýar. Olara koriandr, tmin, anis, burç narpyzy, muskat şalfeýi ýaly ösümlikler degişlidir.
Efir ýaglarynyň köp bölegi ösümlikde erkin ýagdaýda duş gelýär. Olaryň saklanyşy ösümlikleriň görnüşlerine baglylykda örän giň çäklerde üýtgeýär: müňlerçe göterimden 22 %-e çenli; şol bir görnüşdäki ösümliklerde efir ýaglarynyň düzümi köp üýtgemeýär. Olar esasan ekin meýdanlaryna, ösümlikleriň ýaşyna, ösüş tapgyryna we beýleki şertlere baglydyr. Yssy we gurak howa şertlerinde ösümliklerde has köp efir ýagynyň toplanýandygy kesgitlenildi. Ösümlikler gülleýän we tohum bişen döwründe iň köp mukdarda efir ýagyny saklaýar.
Oguljahan MAŞADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby