Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň täze, beýik sepgitlere eýe bolmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler Milli Liderimiziň çuň pähim-paýhas nazaryndan we taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur ylmy pikir seljermeleriniň we durmuş tejribesiniň miwesi bolan “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitaby hem halkymyz üçin bahasyz sowgat bolup durýar.
Bu kitapda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda soňky ýyllarda alnyp barylan ägirt uly işleriň, halkara hyzmatdaşlygyň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň we önümçilik mümkinçilikleriniň giňeltmek boýunça üstünlikleriň giňişleýin beýan edilmegi aýratyn bellärliklidir. Kitap diňe bir üstünlikleri suratlandyrman, eýsem, geljekki ösüşleriň hem strategiýasyny kemala getirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyklykda gurlan we döwrebap enjamlardan enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we bejeriş-dikeldiş merkezleriniň halkymyza ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny bermekde möhüm orny bardyr.
Kitapda Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygyny berkitmek, öňüni alyş lukmançylygyny ösdürmek, lukmançylyk ulgamyny sanlylaşdyrmak, şeýle hem ähli jemgyýetimizde sagdyn durmuş medeniýetini dowam etmek ugrunda öňe sürýän konsepsiýalary giňden şöhlelendirilýär. Şeýlelikde, Milli Liderimiz ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak, her bir raýatyň saglygyny üpjün etmek ugrunda giň möçberli maksatnamalara badalga berdi.
“Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitap häzirki we geljek nesiller üçin uly terbiýeçilik ähmiýetine hem eýedir. Ol diňe bir lukmançylyk hünärmenleri üçin däl, eýsem, jemgyýetiň ähli gatlaklary üçin möhüm gollanma bolup hyzmat edýär. Kitapda görkezilýän öňdebaryjy tejribeler, ylmy esaslar we işjeň syýasat halkymyzyň sagdyn we bagtyýar geljeginiň berk binýady bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri halkymyzyň ruhy medeniýetiniň baýlaşmagyna goşant goşýar. Bu kitap hem döwlet derejesinde alnyp barylýan saglygy goraýyş syýasatynyň üstünliklerini halkymyza we dünýä bileleşigine ýetirmek bilen birlikde, Watanymyzyň ösüş ýolunyň täze mümkinçiliklere açykdygyny äşgär edýär. Şeýlelikde, “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitap halkymyzyň saglygyny aladalanýan, jemgyýetiň abadançylygyny üpjün edýän beýik maksatlary özünde jemläp, her bir türkmen raýaty üçin uly buýsanç çeşmesidir we döwrümiziň beýik beýany hökmünde nesillerden-nesillere geçjek gymmatly mirasdyr.
Aýnur Hudaýberdiýewa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 101-nji toparynyň talyby




