Galen lukmançylykda we tebigaty öwrenmekde uly meșgurlyga eye bolan gadym grek alymydyr. Ol Kiçi Aziyada Ellin medeniyetiniň wajyp merkezi bolan Pergam șäherinde 129-njy ýylda eneden bolyar. Bu șäher Smirnany (häzirki Izmiriň) demirgazygynda,75 kilometr aralykda ýerleșýär. Galen 15 yașyna ýetende, filosofiya ylymyny öwrenip bașlayar 18 yașyna yetende bolsa, lukmançylyk bilen meșgullanyp ugrayar. Onuň mugallymlarynyň arasynda, șol döwrüň gadymy meșhur grek lukmanlary Satir, Fisian, Stratonik ýalylar bolupdyr. Galen filosofiya degișli bolan ylmy traktatlarynyň 150-sini ýazýar.
Șeyle-de, beyik akyldaryň lukmançylyga degișli tejribeleri dogrusynda arap ylmy çeșmelerinde käbir maglumatlar saklanyp galypdyr. Galen öz bilmini ýokarlandyrmak maksady bilen Smirna șäherinde okaýar, Gresiýa gelýär we anatomiýany öwrenmek üçin Aleksandriýa șäherine gelýär. Aleksandriýa șäheri șol döwürde grek alymynyň we lukmançylygyň ösen merkezi bolupdyr. Șu ýerde adam jesedini öwrenmek tejribesi miladdydan öňki 300-nji ýyllarda grekleriň däbine görä , Ptolomeýiň mekdebinde ýola goýulýar.
Galen-lukmançylyk ylmyny esaslandyryjy
Galen birnäçe ýylyň dowamynda Aleksandriýa özüniň lukmançylyga degișli bolan bilimlerni kämilleșdirmek maksady bilen ișleýär. Bu ýerde Galen aýratyn hem esasy ünsi adam skletini öwrenmäge berýär.157-nji ýylda Pergama dolanyp gelenden soňra ol gladýatorlary we pälwanlary bejeriji lukman bolup ișleýär. Beýik akyldar amaly lukmançylyga we hirurugiýa boýunça baý tejribe toplaýar we bedende tejribeleri geçirip bașlaýar. Ol 159-njy ýylda ilkinji gezek doňuzlarda tejribe geçirip görýar. Galen sesi gözegçilikde saklaýan nerw funksiýalarny açýar. Takmynan șol ýyllarda hem dem almaga gatnașýan myșsany funksiýalarny öwrenmäge bașlaýar.162-nji ýylda lukmançylyk ylymlaryndan ýeterlik abraýa eýe bolan Galen Rimde ișlemek maksady bilen Pergamdan gaýdýar.
Beýik akyldar oňaýly tejribeleri saglyga ornașdyran lukman bolupdyr. Ol köplenç ýagdaýlarda beýleki lukmanlaryň bejerip bilmedik ”indi bu adam bolmaýar” diýen hassalaryny bejermek üçin batyrgaýlyk etmegi , olary sagaltmagy ussatlyk bilen bașarypdyr. Ol köp sanly okuwçysynyň bolmagy bilen beýleki lukmanlardan aýratyn tapawutlanypdyr. Ol șeýle-de , hassalary operasiýa etmek bilen bejermegi synagdan geçirip, lukmançylyga ilkinji bolup ornașdyran beýik alymdyr.
Türkmen oba hojalyk instituty
4-nji ýyl talyby Gülnara Babaniýazowa