Moskwa döwlet bilim uniwersitetiniň tebigy ylymlar fakultetiniň dekanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Irina Lýalina gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň gan basyşyny peseldip biljekdigini aýtdy.
«Gan basyşyny kadalaşdyrmaga (peseltmäge) kömek edip biljek gök önümler we miweler bar. Ilki bilen bular banan we ysmanak ýaly kaliý elementine baý iýmitlerdir. Bananda, takmynan, 422 mg kaliý, ysmanakda 558 mg kaliý bar. Ýokary gan basyşly adamlar kaliý elementine baý bolan awokadolara üns bermelidirler. Çünki ýagly alkaloidler awakadoda köp saklanýar. Ekzotik papaýa we kokos miweleri gan basyşyny peseldýär we kadalaşdyrýar (kaliý 600 mg-a çenli saklanýar)»-diýdi.
Biolog ýer tudanasy, malina we smorodina ýaly ir-iýmişleriň flawonoidleriň düzüm bölegi bolan kaliý we antosianlara baýlygy sebäpli, gan basyşynyň kadalaşmagyna ajaýyp goşant goşýandygyny belläp geçdi.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby