Ýaşyl banan durnukly krahmal we pektin ganyň şekerlilik derejesini kadalaşdyrmaga we uzak wagtlap dokluk duýgusyny döretmäge kömek edýär. Awstraliýaly berhiz lukmanyny Sýuzi Barrell “Daily Mail”-a bu barada aýtdy.
Lukman, doly bişmedik, ýaşyl bananlarda doly bişenlerden tapawutlylykda şekeriň az saklanýandygyny düşündirdi. Şeýle hem ondaky ýokary durnukly krahmal aşgazanasty fermentleri tarapyndan dargamaýar. Ol ýogyn içegede peýdaly bakteriýalar bilen gaýtadan işlenýär.
Berhiz lukmanynyň pikiriçe, durnukly krahmal kletçatka (ösümlik iýmit süýümi) ýaly hereket edýär – aşgazany doldurýar, dokluk duýgusyny ýokarlandyrýar, ýogyn we göni içegede gan aýlanyşyny çaltlaşdyrýar, ýokumly maddalaryň aýlanyşyny gowulandyrýar we patogen bakteriýalaryň ösmegini togtadýar.
Ýaşyl banan, miwäniň gurluş görnüşini saklamaga kömek edýän çylşyrymly uglewod bolan pektiniň baý çeşmesidir. Durnukly krahmal bilen pektiniň birleşmegi diňe bir adaty iýmit siňdirişe kömek etmän, gandaky şekerlilik derejesini kadalaşdyrmaga hem kömek edýär. Hakykat, bu iýmit komponentleriniň has haýal siňdirilmegi we sarp edilenden soň derrew glýukozanyň derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagyna sebäp bolmaýanlygydyr.
Uzak möhletleýin iýmitde durnukly krahmalyň paýyny ýokarlandyrmak insuline garşylygyň ösmegine, süýji keseline sebäp bolýan insulin gormonyna duýgurlygyň ýitmeginiň öňüni alýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby




