Saglyk howupsuzlyk guramalaryň aýtmaklaryna görä her ýyl ABŞ-da 3,500-den gowrak adamlar batereýalary ýalňyşlyk bilen iýýär. Bu ýagdaýa esasan hem çagalar duçar bolýarlar. Sebäbi çagalaryň oýnaýan oýunjaklarynyň köpüsinde batareýalar ýerleşdirilýär. Bu bolsa çagalaryň saglyk howupsuzlygyny goramak üçin esasy meseleleriň biri bolup durýar.
Italiýanyň Tehnologiýa Institutynyň alymlary dünýäde ilkinji täzeden zarýat berip bolýan, we iýip bolýan batereýany tanyşdyrdy. Bu batereýa, riboflawin we kuersetin ýaly iýmitlerden taýýarlanan materiallardan ybarat. Riboflavin, köp sanly şitake kömelekleriň, kuersetin bolsa kaper baldaklarynyň düzüminde bolýar.
Batereýanyň işini üpjün etmek üçin, elektrik geçirijiligi ýokarlandyrýan aktiwleşdirilen karbon we suwuň esasynda elektrolit ulanyldy. Nori deňiz ösümligi gysga zynjyrlaryň öňüni almak üçin bölüji bolup hyzmat etdi, ary mumy bilen örtülen elektrodlar we azyk derejeli altyn folga kontaktlary hem dizaýna goşant goşdy.
Alymlar, bu batereýanyň 0.65 wolt tok öndürip, bedene howpsuzdygyny we 12 minutlap tok berip bilýändigini subut etdiler. Şeýle batereýalar, kiçi elektronikalar üçin ulanylyp bilner. Şeýle hem, has güýçli görnüşleri çagalar oýunjaklarynda peýdalanylyp, iýmek howpyny azaltmaga kömek eder.
Şeýlelikde, bu batereýalar häzirki zaman Li-ion batereýalaryna alternatiw bolup, has howpsuz materiallardan taýýarlanylýar. Alymlar, bu batereýalaryň ylmyň geljeginde has köp peýdalanylyp, ýumşak robotlaryň we saglyk enjamlarynyň işini güýçlendirejekdigine ynanýarlar.
Jemal Saparowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby