Ortopediki ylmy gözlegçiler, zeper ýeten süňklere göni sanjym edip boljak geljegi uly täze gidrogelini döretdiler. Ýakynda «Bone» žurnalynda çap edilen ylmy gözlegde, hünärmenler täze çözgüdiniň hassalara ölüm howply osteoporotik döwüklere garşy durmaga kömek edip biljekdigini aýdýarlar.
Osteoporoz bejerip bolmaýan kesel bolup, netijede aýallaryň takmynan 50 göterimine we 50 ýaşdan uly erkekleriň 25 göterimine täsir edýär. Gowşak we döwük süňkler köplenç osteoporotik döwüklere sebäp bolýar, köpüsi uzak möhletli kynçylyklary döredip biler. Hatda käbir ýagdaýda ölüm howpuna hem sebäp bolýar.
Şweýsariýanyň “Ecole Politehnique Fédérale de Lozanna” (EPFL) biomehaniki ortopediýa barlaghanasynyň başlygy Dominik Pioletti beren beýanynda: “Netijeli öňüni alyş çäreleri bolmasa, 50 ýaşly we ondan uly aýallaryň 40 göterimi azyndan bir uly osteoporotik döwük bolar; erkeklerde 20 göterime barabar bolar” diýip aýtdy.
Pioletti osteoporotik döwükleri başdan geçirýänleriň köpüsiniň şikesiň nähili agyr bolup biljekdigine düşünmeýändigini belläp geçdi. Mysal üçin, garry hassalaryň bykynynyň golaýyndaky femoral süňkiniň döwülendigi sebäpli bir ýyl içinde ölüm derejesiniň 20 göterimine duçar bolýarlar.
Piolettiniň topary tarapyndan döredilen barlag potensial döwülen ýerler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bejergi, gialuron turşusyndan we gidroksiapatit nanopartikullaryndan ýasalan gidrogele esaslanýar, olar süňküň tebigy ýüze çykýan minerallaryny birleşdirýär.
Laboratoriýa synaglarynda gidrogel osteoporoz bilen syçanlaryň süňklerine sanjym edildi. Bilermenler diňe birnäçe hepdäniň içinde gidrogeliň özi ulanylanda ýerli süňkleriň dykyzlygynyň iki-üç esse ýokarlanandygyny gördüler. Meşhur katabolik derman Zoledronate bilen birleşdirilende, sanjym edilýän ýerdäki süňkleriň dykyzlygy bary-ýogy 2-4 hepdäniň içinde 4,8 esse ýokarlandy.
Pioletti: «Biziň gözleglerimiz, lokal katabolik dermanlara garşy sanjymly gidrogelleriň ulgamlaýyn anti-kataboliki bejergini ýa-da süňkleri güýçlendirýän ulgamlaýyn anabolik bejergini ýerli süňkleriň dykyzlygyny çalt ýokarlandyryp biljekdigini görkezýär» -diýdi.
Ylmy topar kadalaşdyryjy tassyklamany alandan soň kliniki adam synaglaryna başlamaga umyt baglaýarlar. Soňra, bu subutnamalara esaslanyp, osteoporoz sebäpli döwükleriň öňüni almak üçin bejeriş usullaryny ösdürmek isleýärler.
Allaguly Agajanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby