Şwesiýanyň we Gollandiýanyň uniwersitetlerinden ýewropaly alymlar mikroskopiki görüş implanty döretdiler. Bu gözleg “Advanced Healthcare Materials” žurnalynda çap edildi.
Materialda bir neýronyň ululygyndaky wizual implantyň maglumatlary geçirip we uzak wagtlap bedende saklanyp biljekdigi aýdylýar. Ini 40 mikrometr we galyňlygy 10 mikrometr, demir bölekleriň ini birnäçe ýüz nanometr. Alymlar ony döretmek üçin gorag gatlakly geçiriji polimer ulandylar.
Hünärmenler, diňe bir implantanyň ýitirilen görüşi dikeltmek üçin ýeterlik däldigini mälim etdiler. Muňa ýakynlaşmak üçin, tora birikmäge müňlerçe implant gerek bolar. Şol bir wagtyň özünde beýnimize gelýän şekil henizem “matrisa tagtasy, garaňky ýer we käbir ýalpyldawuk nokatlar” ýaly görüner.
Gözleg awtorlarynyň pikiriçe, göz zeper ýeten hem bolsa, beýniniň görüş korteksi ýaşamaga ukyplydyr we görüş organlaryndan signallara garaşýar. Suratlar, implant arkaly beýniniň görüş gabygyna elektrik impulslaryny ibermek arkaly döredilip bilner.
Geljekde alymlar müňlerçe elektrody birleşdirip bilýän implant döretmegi meýilleşdirýärler.
Mart aýynyň ahyrynda telekeçi Ilon Mask görüşi dikeldip biljek beýni implantaynyň döredilmegi barada söhbet etdi. Mask, Neuralink görnüşli lukmançylyk enjamynyň maýmynlarda eýýäm synagdan geçirilendigini aýtdy.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby