Adam gözi – organizmiň iň möhüm duýgur organlarynyň biridir. Görme ukybynyň sagdyn saklanmagy üçin dürli witaminleriň we ýag kislotalarynyň kadaly mukdarda kabul edilmegi zerurdyr. Witaminleriň ýetmezçiligi diňe bir görme güýjüne däl, eýsem gözüň düýpli kesellerine hem sebäp bolup biler.
A witamini (retinol)
A witamini retina öýjükleriniň kadaly işini üpjün edýär. Ol garaňkyda görmegi güýçlendirýär we kornýanyň (gözüň üst gatlagynyň) guramagynyň öňüni alýar. A witamininiň ýetmezçiligi “garaňkyda körlük” diýen ýagdaýy döredip biler. Bu witamin käşir, pomidor, sarymsak sogan ýaly dürli gök önümlerde hem-de balyk ýagynda bolýar.
C witamini (askorbin kislotasy)
C witamini güýçli antioksidantdyr. Ol gözüň dokumalaryny zyýanly erkin radikallardan goraýar we kapillýarlaryň (iň inçe gan damarlaryň) berkemegine ýardam berýär. Netijede retina we linza hem sagdyn saklanýar. Limon, apelsin, tüwi ýaly sitrus miweleri we dürli miwe-gök önümler C witaminine baýdyr.
E witamini (tokoferol)
E witamini retina öýjükleriniň oksidlenmeden zeperlenmeginiň öňüni alýar. Şeýle-de ol linzada ýaş bilen emele gelýän katarakta keseliniň töwekgelçiligini peseldýär. Bu witamin ösümlik ýaglarynda, hozlarda we däne tohumlarynda duşýar.
B topary witaminleri
B1, B2, B6 we B12 witaminleri görme nerwiniň kadaly işini üpjün edýär. Olar gözleriň ýadawlygynyň öňüni alýar, nerw impulsynyň geçişini gowulandyrýar. Bu witaminler däne önümlerinde, ýumurtgada, süýtde we etde bar.
Omega-3 ýag kislotalary
Omega-3 ýag kislotalary gözüň sagdynlygyny saklamakda aýratyn ähmiýete eýedir. Olar retina öýjükleriniň gurluşyny berkidýär, görme ukybyny güýçlendirýär we gözüň guramagynyň öňüni alýar. Şeýle-de bu ýaglar gözleriň ýadawlygyny ýeňilleşdirýär, olaryň zeperlenmeginiň öňüni alyp, kesellere garşy goragyny ýokarlandyrýar. Tebigatyň baý hazynasy bolan deňiz balyklarynyň düzüminde köp duşýan omega-3 ýag kislotalary gözlere aýdyňlyk, ýaşaýşa bolsa giňişlik berýär.
Saparalyýewa Akgözel,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi


