Neuro-Innovators kompaniýasynyň (ABŞ) biotehnologiýa gözlegçileri, Spalding reabilitasiýa hassahanasy bilen bilelikde insulty bejermek üçin täze derman kombinasiýasyny döretdiler. Bu barada MedicalXpress web sahypasyndaky metbugat beýanatynda habar berildi.
“Neuro-Innovators NIV-001” bejergisi, beýnimizdäki gan damarlarynyň ýarylmagy ýa-da dykylmasy netijesinde insult bolan näsaglarda ýitirilen funksiýalary gowulandyrmagy we dikeltmegi maksat edinýär.
Iýmit we derman serişdelerini dolandyrmak (FDA) tarapyndan tassyklanan üç derman serişdesiniň birleşmegi, insultdan soň dürli hereket bozulmalary bolan 40 näsaga günde bir tabletka berler. Näsaglar adaty reabilitasiýa teswirnamalaryna eýerip, dermanlaryny kabul ederler.
Bejergide berilýän dermanlar beýniniň newroplastikasyny ýokarlandyrmak we şikeslerden soň dikelişi çaltlaşdyrmak üçin niýetlenendir. Bu kombinasiýa deslapky synaglarda ýokary netijeliligi görkezdi we hassalaryň durmuş derejesini ep-esli ýokarlandyrmak mümkinçiligine eýedir.
Kempbelliň (Kaliforniýa) kommersiýa däl guramasy bolan insult habarlylyk gaznasynyň habaryna görä, diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda takmynan 750 müň adam insultdan ejir çekýär we 7 milliondan gowrak insultdan diri galanlaryň üçden iki bölegi maýyp bolup galýar.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby