Kaloriýa – bedeniň işlemegi üçin zerur bolan energiýanyň ölçeg birligidir. Ol iýmitlerden we içgilerden alynýar we bedeniň gündelik işjeňlikleri, metabolizm we fiziki hereketleri üçin sarp edilýär. Kaloriýa mukdary her iýmitiň düzümindäki belok, ýag we uglewodlaryň möçberine baglydyr.
Iýmitde negatiw kaloriýa bolup bilermi?
«Negatiw kaloriýaly iýmit» düşünjesi käbir önümleri iýeniňde bedeniň olary siňdirmek üçin sarp edýän energiýasynyň şol iýmitiň berýän energiýasyndan ýokarydygyny öňe sürýär. Ýagny, bu teoriýa görä, käbir önümleri iýeniňde, beden olary siňdirmek üçin has köp kaloriýa harç edýär we netijede umumy kaloriýa hasaby peselýär.
Bu kategoriýa köplenç brokkoli, käşir, marul, pomidor, hyýar, garpyz, limon ýaly önümler girizilýär. Sebäbi olar az kaloriýaly bolup, köplenç süýümden we suwdan ybaratdyr.
Emma ylmy taýdan seredilende, negatiw kaloriýa düşünjesi doly subut edilmedi. Sebäbi, haýsy-da bolsa bir iýmiti siňdirmek üçin beden, adatça, ol iýmitiň umumy kaloriýasynyň 5-15%-ini sarp edýär. Hatda iň pes kaloriýaly önümleri hem iýeniňde, olary siňdirmek üçin sarp edilýän energiýa olaryň özünden alýan energiýaňyzdan has ýokary bolmaýar.
Köp adamlar kaloriýanyň diňe agram artdyrýan faktor hökmünde hasap edýärler. Aslynda bolsa, kaloriýa bedeniň ähli işlemegi üçin zerurdyr. Esasy mesele, kaloriýanyň hilidir. Şeker we işlenilen önümlerden gelen boş kaloriýalar saglyk üçin zyýanly bolup biler, emma witaminlere we mineral maddalara baý bolan tebigy önümler (miweler, gök önümler, bugdaý, balyk) sagdyn iýmitlenmek üçin zerurdyr.
Kaloriýa bedeniň sagdyn işlemegi üçin zerur bolan energiýa ölçegidir. Onuň dogry dolandyrylmagy saglyk, agramy kadalaşdyrmak we umumy beden işjeňligi üçin uly ähmiýete eýedir. Iýmit saýlawynda diňe kaloriýanyň mukdary däl, eýsem, onuň gelip çykyşy we hiline hem üns bermek gereklidir.
Bahtiýar Jumadurdyýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby