Adam saglygyny goramakda dogry iýmitlenmegiň aýratyn ähmiýetiniň bardygy giňden ykrar edilen hakykatdyr. Iýmitiň düzümindäki bioaktiw maddalar bedeniň öýjüklerini erkin radikallardan gorap, dürli öýjük keselçilikleriniň, şol sanda rak keseliniň döreme ähtimallygyny peseltmäge ýardam edýär. Hut şol peýdaly gök önümleriň arasynda dünýäde giňden ösdürilip ýetişdirilýän kelem (Brassica oleracea) öz baý biologik düzümi bilen rak keseliniň öňüni alyşda möhüm ähmiýete eýedir.
Kelemiň düzüminde witaminleriň, minerallaryň, diyetiki süýümleriň, fenol birleşmeleriniň we glýukozinolatlaryň bolmagy onuň saglyk babatyndaky täsir ukybyny artdyrýar. Glýukozinolatlar bedende üýtgemek arkaly izotiýosýanat we indol birleşmelerine öwrülýär. Alymlaryň barlaglarynda bu bioaktiw birleşmeler DNK-nyň goragyny artdyrýandygy, şikeslenen öýjükleriň kadalaşmagyna ýardam edýändigi we rak öýjükleriniň köpelişini çäklendirýändigi ylmy taýdan tassyklandy.
Kelem C we K witaminleriniň baý çeşmesi bolup, antioksidant goragy güýçlendirýär we öýjükleriň işjeňligini ýokarlandyrýar. Şeýle-de onuň düzümindäki sulforafan maddasy rak keseliniň dürli görnüşlerine garşy täsir edýän iň möhüm birleşmeleriň biridir. Sulforafan bedende apoptos prosesi — ýagny zeper ýeten öýjükleriň öz-özüni ýok etmegini herekete getirýär.
Epidemiologik gözlegleriň maglumatlaryna görä, iýmitinde keleme we beýleki ýaprakly gök önümlere köp orun berýän jemgyýetlerde aşgazan-içege, süýt mäzleri we dem alyş ýollarynyň rak keseliniň ýüze çykma derejesi pes bolýar. Bu bolsa kelemde saklanýan tebigy gorag mehanizmleriniň ähmiýetini tassyklaýar.
Kadaly toprak-howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän kelem görnüşleriniň tebigy arassa bolmagy onuň saglyga oňyn täsirini has-da güýçlendirýär. Iýmit sanawynda keleme dowamly orun bermek, aýratyn-da täze görnüşde ýa-da biogöçürilen (Fermentirlenen) görnüşinde ulanmak adam saglygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Kelem düzümi boýunça baý bolan biologiki maddalary we rak keseliniň öňüni alyşda ylmy taýdan subut edilen täsirleri bilen adam saglygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem keleme dogry iýmitleniş medeniýetinde aýratyn orun bermek häzirki zaman saglyk syýasatynda ileri tutulmaly ugurlaryň biridir.
Mämedowa Bagdagül Kurbanowna,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy




