Alymlaryň bellemegine görä, kokos agajy biziň günlerimize çenli saklanyp galan dünýädäki iň gadymy ösümlikleriň biri. Agajyň uzynlygy 25 metre, ýapraklarynyň uzynlygy 4 metre çenli ýetýär.Kokosyň etine kopra diýilýär. Kokos hozynyň diametri 30 sm,agramy 2-4 kg barabar.
Kokos agajynyň watany Günorta-Gündogar Aziýanyň kenarýaka we tropiki bölegi hasaplanýar. Medeni görnüşinde kokos Hindistanda, Polineziýada, Gawaýada, Günorta Floridada ösýär. Kokos-deňiz kenarynda ösýän ösümlik.
Kokosda B1, B2, B5, C witaminleri, beloklar, uglewodlar, ýaglar, mikroelementler (kalsiý, kaliý, fosfor) we kleçatka saklanýar. Tropiki ýerlerde kokos agajyny “ Müň ulanylyş agajy” diýip atlandyrýarlar.
Kokos hozy örän tagamly we peýdaly. Iýmit taýýarlanylanda hoz bütinleý ulanylýar: kokos suwuny janlandyrmakda we kuwwata getirmekde, onuň içki etini süýji taýýarlamakda, işdäaçarlar, çorbalar, içlekli we beýleki naharlar taýýarlanylanda ulanylýar.Kokos ýagy kalsini özleşdirýär, şonuň üçin hem ony dişleri we süňkleri berkleşdirmekde ulanmagy maslahat beýärler.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby