Kompýuter, smartfon we planşet ýaly elektronik enjamalar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen sanly döwürde, gözlerimiz görlüp-eşidilmedik kynçylyklara sezewar bolýar. Monitoryň öňünde uzak wagt oturmak, birnäçe ýakymsyz alamatlar bilen häsiýetlendirilýän kompýuter görüş sindromynyň (KGS) ösmegine sebäp bolup biler.
Görüşe ýaramaz täsir edýän esasy faktorlar:
- Gözleriň guramagy:
Kompýuterde işleýän wagtymyz, gözlerimizi adatdakysyndan has az açyp ýumýarys. Bu, gözüň ýüzüni goraýan göz ýaşardyjy böleginiň çalt bugarmagyna, gözleriň guramagyna, gözlerimiziň gyzarmagyna we çişmegine sebäp bolýar.
- Göz myşsasynyň dartylmagy:
Kompýuter bilen işlän wagtyňyzdaky ýaly uzak wagtlap ünsüňi jemlemek, göz myşsalarynyň dartylmagyna sebäp bolýar. Bu kelle agyrysyna, ýadawlyga we görüşiň bulaşmagyna sebäp bolýar.
- Kompýuter ekranynyň şöhlesi:
Kompýuteriň ekranlary gözüň retinasyna ýaramaz täsir edip, sirkadanyň ritmlerini bozup, uky meselelerine sebäp bolup biljek gök yşyk çykarýar.
- Iş ýeriniň nädogry guralyşy:
Ýagtylygyň ýeterlikli bolmazlygy, monitoryň ýerleşişiniň pes dereje bolmagy we ekeranyň öňünde nädogry tertipde oturylmagy kompýuter görüş sindromynyň ösmegine goşant goşup biler.
Gözüňizi nädip goramaly?

- Her 20 minutdan gözüňizi takmynan 6 metr uzaklykdaky bir obýekte gönükdiriň.
- Gözüňiziň ýüzüni nemlendirmek üçin ýygy-ýygydan gözleriňizi açyp ýumyň.
- Göz nemlendiriji damjalary ulanyň:
- Ekranda şöhle saçmazlyk üçin iş ýeriňizde ýeterlik yşyklandyryş beriň.
- Monitory gözüň derejesinden birneme aşakda ýerleşdiriň.
- Kompýuterden peýdalanaňyzda gök yşyk şöhlesine garşy ýörite äýnek ulanyň.
- Dartgynlygy aýyrmak üçin göz maşklaryny yzygiderli ýerine ýetiriň.
- Günüň dowamynda kompýuteri köp wagtlap ulanýan bolsaňyz, göz lukmany tarapyndan gözüňizi yzygiderli barladyň.
Bu ýönekeý görkezmelere eýerip, KGS keseliniň döremek howpuny azaldyp, gözleriňizi ýyllar boýy sagdyn saklap bilersiňiz.
Akmuhammet Çaryýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby



