Limon, adamzat saglygy üçin iň gymmatly tebigy miwelerden biridir. Onuň aýratyn tapawutly tagamy we aýratyn düzümi diňe bir iýmit höwesini artdyrman, saglygy berkitmekde-de möhüm. Limon siturs miwelere degişli bolup turşulgy güýçli miwedir. Limon, C witamini bilen örän baý miwedir. C witamini adam bedeni üçin güýçli antioksidant bolup, immun ulgamyny berkitmekde, deri saglygyny gowulandyrmakda we kesel garşysyna göreşmekde kömek edýär. Şeýle hem, limon B witaminleri, kalsiý, kaliý, magniý ýaly minerallaryň çeşmesidir. Bu düzüm bölekleri saglygy durnukly saklamaga uly täsir edýär.
Limon şiresi iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrýar. Irden içilýän gyzgyn limonly suw bedeni arassalamaga, aşgazanyň pH derejesini sazlamaga we metabolizmi güýçlendirmäge kömek edýär. Mundan başga-da, limonyň tebigy kislotasy aşgazanyň işini gowulandyrýar we kyn siňýän iýmitleri ýeňilleşdirýär. Limon, deri saglygyny gowulandyrmak üçin tebigy serişde hökmünde giňden ulanylýar. Onuň antioksidant häsiýetleri deriniň ýaşlygyny saklamaga, nemlendirmäge we zeper ýetiren öýjükleri dikeltmäge kömek edýär. Limon şiresini deriniň ölen öýjüklerini arassalamak mümkin.Limonyň antibakterial we wirus garşysy täsirleri köplenç sowuklama, dümew ýaly kesellere garşy ulanylýar.
Şeýle hem, ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýän kaliý mineraly bilen baýdyr. Limonyň şiresi, deriniň tebigy ýaglanmasy we şol bir wagtyň özünde deri kesellerini ýok etmek üçin ulanylyp bilner. Deriniň kislotalylygy bilen ýapyk poralary açar we şol ýerde güýçli bir arassalaýjy täsir galdyryp, sagdyn we ajap görnüşde teriniň görünüşüni gowulandyrar. Zäherli maddalardan arassalanmakda limon şiresiniň täsiri uly bolar. Limonyň ysly efir ýagynyň täsir ediji komponentleri bedeniň we beýniniň energiýasyny ýokarlandyrýar. Limonly suw içmek ýa-da onuň hoşboý ysyny dem almak stres derejesini peseldip, nerw ulgamy gowulandyrýar.
Mätiýewa Oguljeren
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


