Maňyzda diňe bir lezzetli tagam bolman, saglyk üçin-de örän köp peýdalary bardyr. Olarda ýokary hilli ýaglar, witaminler, minerallar we antioksidantlar bar. Bu maddalar bedenimiziň immunitetini ýokaryladyryp, saglygyňyzy gowulandyrýar. Maňyzy dogry we kadaly mukdarda iýmek, saglyk üçin has netijeli bolup biler.
Ýürek saglygyny güýçlendirýär
Maňyzdaky ýaglar ýürek üçin peýdalydyr. Olaryň içinde poli ýokumly maddasyna doýgun ýaglar bar, bu ýaglar ýürek keselleriniň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle-de, maňyzlar kolesterol derejesini sazlap, ýürek-damar keselleriniň kesgitleýän netijelerini peseldýär.
Beynini güýçlendirýär
Maňyzlarda omega-3 ýagly kislotalary bar, bu bolsa beýni güýçlendirip, ýagny ähli beýni işlerini gowulandyrýar. Bu ýaglar beýniň düzgünli işlemegine kömek edýär, şeýlelik bilen uzak wagtlap akyl saglygyna hyzmat edýär. Şeýlelik bilen, maňyzlar açlyk duýgusyny azaltmaga hem kömek edýär.
Minerallar we witaminler
Maňyzlar, magneziýum, kalýum, E witamini ýaly möhüm minerallara baýdyr. Bu maddalar bedeniň immun ulgamyny güýçlendirip, beden saglygyny üpjün edýär.
Düzgünli iýmek möhümdir
Maňyzlar saglyk üçin peýdalydyr, emma olary düzgünli we kadaly mukdarda iýmek zerurdyr. Köp mukdarda iýmekden gaça durmaly, sebäbi olaryň kaloriýa derejesi ýokarydyr. Bu bolsa maňyzlary aşa köp iýmekligiň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir etmeginiň mümkindigini aňladýar. Şeýlelik bilen, maňyzlar saglyk üçin peýdaly hem bolsa, iýmek mukdaryny göz öňüne tutulmalydygyny unutmaň.
Bahar Ataýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň Tikinçilik önümçilik tehnologiýasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby


