Miweleri we gök önümleri azyk dükandan ýa ýerli bazardan, hatda öz bagyňyzdan ýolup alsaňyz hem olary iýýänçäňiz köp sanly eller we bakteriýalar bilen gatnaşyga girýärler. Olary iýmezden öň gowy ýuwup arassalamak möhümdir. Dogry, arassalamak diňe bir iýmit howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin däl, gök önümleriň ýokumlylygyny saklamak üçin hem möhümdir. Iýmit önümlerini arassalamak usullary önümiň görnüşine görä tapawutlydyr.
Näme üçin iýýän gök önümlerimizi ýuwmaly?
Miwe we gök önümlerde saglyk meselesi bilen baglanyşykly fungisidler ýaly zyýanly pestisidler bolup biler. Emma Daşky gurşawy goramak gullugy täsir ediş derejesini kabul ederlikli çäkden pes saklamak üçin howpsuzlyk standartlaryny saklaýar. Mundan başga-da, önümler E. koli we Salmonella ýaly patogenler we howadan çykýan toksinler ýaly daşky gurşawy hapalaýan maddalar bilen hapalanmagy mümkin. Önümleri ýuwmak, bu hapalaýjylary azaldyp, iýmitlenmek ygtybarlylygyny we ýokumlylyk derejesini ýokarladyrmak diýmekdir.
Himiki arassalaýjy serişdeleri ulanmalymy?
Gök öümleri ýuwmak üçin arassalaýjy serişdeleri saýlanyňyzda, käbir töwekgelçilikleri ýatda saklamak möhümdir. Sabyn, sirke, limon şiresi, çörek sodasy ýaly umumy arassalaýjy serişdeler täsirli bolup görünse-de, önümlerdäki hapa bakteriýalary aýyrmak üçin zerur däldir. Azyk we derman serişdeleri müdirligi bu serişdeleri ulanmazlygy maslahat berýär. Geçirilen ylmy gözlegler, gök önümleri sowuk akýan suwuň aşagynda ýuwmak we süpürmek, olardaky bakteriýalary azaltmak üçin sirke erginini ulanmagyň netijeliligi ýaly täsirlidigini görkezdi.
Dogry arassaçylyk bilen başlaň!
Önümleriňizi arassalamazdan ozal, iýmit bilen baglanyşykly keselleriň umumy sebäbi bolan bakteriýaly hapalanmagynyň öňüni almak zerurdyr. Elleriňizi sabyn we gyzgyn suw bilen azyndan 20 sekuntlap gowy ýuwup başlaň we elleriň ähli ýerlerini dogry arassalanmagyny üpjün ediň. Soňra ähli gap-gaçlary we iýmit taýýarlaýyş yerleri arassalaň we bakteriýalary ýok etmek üçin azyk howpsuz arassalaýjy ergini ulanmagy göz öňünde tutuň.
Önümleri ýuwmazdan ozal, gögeren ýa-da zaýalanan bölekleri üns bilen barlaň we aýyryň. Zaýalanan bölekler potensial zyýanly patogenleri saklap biler we arassalan wagtyňyz önümleriň galan bölegine hem ýaýrap biler.
Ýaprakly gök önümler
Ysmanak, salat oty we Şweýsariýa çardasy ýaly ýaprakly gök önümler näzikdir we hilini we howpsuzlygyny saklamak üçin seresaply çemeleşmegi talap edýär. Bu gök otlary arassalamak üçin ilkinji ädim, köplenç hapalanan we zaýalanan ýapraklary aýyrmagy öz içine alýar. Ondan soň galan önümleri bir tabak ýyly suwa salyň. Bu ýapraklardan hapa we potensial bakteriýalary gowşadar. Bular ýaly gök önümleri suwda ýuwaşlyk bilen ýuwmak peýdalydyr, bu ýapraklara zeper ýetirmän has inçe bölejikleri we ýerüsti bakteriýalary aýyrmaga kömek edýär. Has gowy arassalanmagy üpjün etmek üçin gök öümleri birnäçe minutlap suwa batyryň. Bu galan hapalary ýa-da mikroorganizmleri has hem gowy ýok etmäne kömek edýär.
Näzik önümler
Tudana we kömelek ýaly näzik önümleri çotga ýaly abraziw usullar bilen arassalamaly däl, sebäbi bu olaryň ýüzlerine zeper ýetirip biler. Munuň ýerine olary yzygiderli suw akymynyň aşagynda ýuwmaly. Tudanalary arassalanyňyzda, oňa şikes ýetirmegi azaltmak üçin baldaklaryndan tutmak iň gowy usuldyr. Kömelekleri ýuwayňyzda olary yzgiderli akýan suwuň aşagyndan geçiriň we görünýän hapalary barmaklaryňyz bilen ýeňil sürtüň.
Aýlar Amanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby