Adam, saglygyny birnäçe tebigy önümleriň kömegi bilen sazlap durmaly. Şol peýdaly tebigy önümleriň biri hem nardyr. Ilkinji nobatda naryň ýady gowulandyrýandygyny bellemelidir. Megerem muny bilenden soň adamlaryň nar üçin bolan islegi has hem artar. Ol güýçli antioksidant bolmak bilen tapawutlanýar. Onuň sebäbi punik kislotasy bardygy bilen düşündirilýär. Antioksidant işjeňligi gök çaýdan hem ýokary. Gök çaý bilen bir hatarda naryň şiresini wagtal -wagtal içip durmaly. Punik kislotasy süýji keselili adamyň ganyndaky zyýanly holestriniň derejesini peseldýär. Naryň tohumy ortaça miwäniň umumy agramynyň 10 % -ni tutýar. Tohumynda köp mukdarda ýag bardyr. Tohumynyň üstki gabygy ligninden durýar, ol endosorbent bolup hyzmat edýär. Naryň tohumynyň gan damarlarynyň diwaryny dikeltmek häsiýei bar.
Ondan başgada nar tohumy gormonal deňagramlygy sazlaýar. Naryň bir günüň dowamynda iýmeli kadasy bardyr, ýagny tohumyny 150gr, şiresini bolsa 150 ml kabul etmek ýeterlikdir. Makroelementlerden fosfor, kalsiý, kaliý we az mukdarda natriý, demir, margenes, mis bar. Düzümindäki iň köp witaminler C we B toparydyr. Nar myşsalarda, skletlerde we ýaş bilen bagly näsazlyklara garşy göreşmekde giňden ulanylýar. Naryň ýene-de bir häsiýetli aýratynlygy bar, ol hem adam bedeni üçin zerur bolan mada urolitini öz düzüminde saklaýandygydyr. Adamy energiýa bilen ,öýjügiň esasy organoidi bolan mitohondriýa üpjün edýär. Urolitin mitohondriýanyň işlemegine kömek edýär. Ýöne adam garrap başlanda urolitin azalýar, hatda ýok bolup hem gidýär. Onuň öwezini dolmak üçin nar iýmek maslahat berilýär.
Aýperi TAHYROWA
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby