Noýba kösükliler (Fabacea) maşgalasyna degişli bolup Phassacolus urugyny düzýär. Onuň çäginde 200-den gowrak görnüşi bolup, olardan 17-si medeni ekindir. Gelip çykyşlary we ýaşaýyş aýratynlygy boýunça medeni noýba iki sany uly topardan ybaratdyr:
- Amerikan ýa-da täze dünýä noýbasy. Ol ilki bilen Merkezi Amerika giňişliklerinde ýaýrap başlaýar. Bu topar togalak, uzyn kösükleriniň iri däneleriniň barlygy bilen tapawutlanýar.
- Aziýa noýbasy ýa-da Altyn noýba maşgalasy inçeräk den uzyn kösükleri iri dänäniň barlygy bilen tapawutlanýar. Amerikan noýbasy adaty (ýiti üç ýaprakly) noýbasy köp gülli noýba, lima (ýa-da ýaý şekilli) noýbasy degişlidir.
- Adatky noýba (Phaseolus Vulgaris) has giň ýaýran görnüşleridir. Ol bir ýyllyk otjumak ösümlik bolup gögerende ülüşlerini toprakdan çykarýarlar. Onuň düýpleýin we ýatgyn ösýän görnüşleri bardyr. Esasy baldagynyň ülüşleri üçburçlyk görnüşde ýa-da ýürek şekilli. Gülleri köplenç ak mämişi reňkde we däneleri böwrek, silindr şekilli dürli reňkde bolýar.
- Eliptik noýba (Phaseolus Ellepticus) tohumlarynyň uzynlygy ininden hem galyňlygyndan 15 esse artykdyr, uçlary togalagrak. Bu olara elleptik görnüş berýär.
- Böwrek şekilli noýba (Phaseolus Commpresses) tohumyň uzynlygy ininden iki esse, uzynlygyndan 4 esse artykdyr. Daş görnüşi uzyn bili gysylan böwrek şekilli bolýar.
- Köp gülli noýba (Phaseolus Mulfiflorus). Otjumak 1-2 ýa-da köp ýyllyk ösümlik bolup uzyn çyrmaşýan baldakly. Gülleri örän iri, açyk, gyrmyzy, mämişi, ak. Kösükleri iri ýaýran, däneli, tohumlary örän iri, ak ýada alabeder bolýar. Ony bezeg ösümligi hökmünde ulanýarlar. Adaty noýba ýylylygy söýüji we gysga günlik ösümliklere degişli bolup durýar. Şol bir wagtda aralyk we uzyn güne gowy gatnaşykly sortlar bardyr. Ol sortlar dürli giňişlikde ekilýär. Noýba üçin toýunsow toprakly, şeýle hem iýmit elementlerine baý bolan
topraklar amatly, duzly topraklar bolsa amatsyz hasap edilýär. Ýokumly maddalara talaby has ýokarydyr.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby