Irden hoşboý ysly kofe, günortan naharynda süýji we tagamly soda, agşam energiýa içgisi, her ikinji adamyň halaýan lezzetli içgileriniň gutarmadyk sanawy. Wagtal-wagtal bu bulam-bujar suwuklygyň sarp edilmeginde arassa suwdan birneme siňip gidýär, sebäbi bedenimiziň ýarysynyň suwdan ybaratdygyny hemmämiz bilýäris we bu deňagramlylyk hemişe saklanmalydyr. Bedeniňiz hakda pikir edip, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak kararyna gelseňiz, iýmitlenişiňizi 7 sagdyn içginiň peýdasyna üýtgetmeli:
Adaty suw — Dünýädäki iň sagdyn içgileriň biridir. Toksinleri aýyrýar, aşgazanyň işini goldaýar, gan damarlarynyň we bogunlaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýär, ganyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.
Nar şiresi — Bu içgi, gyzyl çakyr we gök çaý ýaly güýçli antioksidantdyr. Ýüregiň we gan damarlarynyň işini kadalaşdyrýar, gipertoniýada we ganazlykda peýdalydygy birnäçe gözlegler bilen subut edildi.
Narpyz çaýy — Aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyny sazlaýar, nerw ulgamyny köşeşdirýär, gan basyşy peseldýär, ukusyzlyga garşy göreşýär. Çaýyň taryhy Hytaýyň günorta-günbataryndan gözbaş alýar. Dünýäde iň meşhur içgi we suwdan soň ikinji meşhur içgidir. Narpyz diňe bir holeretiki, diuretik we çişmä garşy häsiýetlere eýe bolman, eýsem ajaýyp rahatlandyryjydyr.
Narpyz çaýynyň peýdalary: rahatlandyrýar we güýji dikeldýär, sowuklama üçin täsirli, migren üçin peýdalydyr, dem almagy aňsatlaşdyrýar, ýürek bulanma kömek edýär, basyşy kadalaşdyrýar, ukusyzlyga garşy göreşýär, ýüregiň kadaly işlemegine goşant goşýar. Ýöne: gipotoniýa (pes gan basyşy) bolan adamlar üçin maslahat berilmeýär,göwreli aýallar narpyz çaýyny içmezden ozal lukmanyna ýüz tutmalydyrlar, allergiýa bolup biler, içgini hyýanatçylykly ulanmaň, sebäbi ukusyzlyk mümkin.
Gatyk — Hut şu önüm, beýlekilerden has gowy iýmitlenmegi kadalaşdyrýar. Kefir ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işine peýdaly täsir edýär, kalsiniň we belogyň çeşmesidir. Kefirdäki süýt beloklary beden tarapyndan aňsatlyk bilen siňýär. Şol bir wagtyň özünde kefir az kaloriýly önümdir.
Tebigy alma suwy — Bagryň, böwrekleriň we öt haltanyň işleýşine peýdaly täsir edýär.
Klýukwa şiresi — C witaminiň köp bolmagy sebäpli immuniteti ajaýyp güýçlendirýär we oňat antipiretikdir.
Klýukwa şiresiniň peýdalary: immuniteti güýçlendirýär, antibiotikleriň patologiki mikroorganizmlere çişýän ginekologiki keselleri, diuretik täsiri bar, gormonal bezleriň işini höweslendirýär, ýürek keselleriniň öňüni almak, gan damarlarynda holesterin nyşanlarynyň döremeginiň öňüni alýar, wirus ýokançlyklaryny bejermekde bakterisid täsiri, ukyny dikeldýär, bedeniň garramagynyň öňüni alýar, nerw ulgamy üçin energiýa çeşmesi, suwsuzlandyryjy we toniki, zyýanly neoplazmalaryň döremeginiň öňüni alýar.
Ýöne, klýukwa şiresi bagyr keselleri, gastrit, ýokary turşulyk üçin maslahat berilmeýär, köp mukdarda klýukwa şiresini içmek, diş emalyna ýaramaz täsir edip biler.
Çopantelpek çaýy — Antibakterial täsire eýe bolup, nerw ulgamyny köşeşdirýär we rahatlandyrýar.
Esen Amankulyýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby