Öý haýwanlaryňyzyň saglygy barada alada etmek, keseliň öňüni almak, olaryň uzak we sagdyn durmuşynyň altyn açarydyr.
Öý haýwanlarynyň saglygy barada aýtsak, olara aýratyn üns berilmelir. Adamlardan tapawutlylykda haýwanlar bize öz meseleleri barada aýdyp bilmeýärler, şonuň üçin keseliň öňüni almak olaryň uzak we sagdyn durmuşlaryny üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar.
Yzygiderli barlaglar we sanjymlar öý haýwanyňyzda çynlakaý netijelere ýa-da ölüme sebäp bolup biljek howply keselleri ýüze çykarmaga we öňüni almaga kömek edýär.
Keselleriň öňüni almak öý haýwanlaryňyzyň abadançylygyny saklamaga we işjeň ömrüni uzaltmaga kömek edýär.
Kesselleriň öňüni alyş çäreleri:
Weterinar lukmanyna yzygiderli barlatmak: Öý haýwanlaryňyz sagdyn görünse-de, käbir ýokuş kesel meseleleri ýüze çykarmak üçin yzygiderli barlaglar zerurdyr.
Sanjym: Sanjym haýwanlary howply ýokanç kesellerden goraýar.
Düwürtik we parazit bejergisi: Içki we daşarky parazitleri yzygiderli bejermek, olaryň ýaýramagynyň öňüni almaga we öý haýwanyňyzyň saglygyny goramaga kömek edýär.
Dogry iýmitlendirmek: Deňagramly iýmitlendirmek öý haýwanlaryny sagdynlygyny üpjün edýär we immunitetini güýçlendirýär.
Arassaçylyk: Öý haýwanlaryň dişlerini, gulaklaryny yzygiderli ýuwmak ýokançlyklaryň we beýleki meseleleriň öňüni almaga kömek edýär.
Fiziki işjeňlik: Adaty gezelençler we oýunlar öý haýwanyňyzyň sagdyn bolmagyna kömek edýär.
Ygtybarly gurşaw: Howply maddalara elýeterliligi ýok edip, öý haýwanyňyz üçin howpsuz gurşaw döretmelidir.
Haýwanlaryňyzyň saglygy barada alada etmek her bir eýesiniň jogapkärçiligidir. Keseliň yzygiderli öňüni almak, öý haýwanlaryňyzyň saglygyna we abadançylygyna köp ýyllyk sagdyn durmuşda öwezini doljak maýa goýumdyr.
Her haýwanyň özboluşlydygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Weterinar lukmanyna yzgiderli ýüz tutyp öý haýwanlaryňyzyň saglygyny barladyň. Lukman haýwanyňyzyň tohumyny, ýaşyny we aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, keseliň öňüni almak boýunça aýratyn teklipleri berip biler.
Babanazar Myradow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby


