Pişik, maşgala agzalarynyň aladasyny we ünsüni talap edýär. Aladanyň esasy taraplaryndan biri bolsa, dogry iýmitlendirmekdir. Galyberse-de, pişigiňiziň iýýän zady saglygyna, işjeňligine we ömrüne gönüden-göni täsir edýär.
Dogry iýmitlendirmek näme üçin beýle möhüm?
Pişikler et önümlerinden belli bir möçberde iýmit talap edýär. Bu maddalaryň ýetmezçiligi saglyk kynçylyklaryna sebäp bolup biler.
Semizlik öý pişiklerinde köp duş gelýär we süýji keseline, ýürek kesellerine we bogun kesellerine sebäp bolýar. Dogry iýmitlendirmek iň amatly agramy saklamaga kömek edýär.
Deňagramly iýmit pişigiň immunitetini güýçlendirýär we dürli keselleriň döremek howpuny peseldýär.
Pişigiň iýmitlenmegi barada näme bilmeli?
- Pişik iýmitiniň iki esasy görnüşi bolup, olar gury we çyg iýmit görnüşleridir. Olaryň hersiniň öz artykmaçlyklary we kemçilikleri bar. Pişigiňiz üçin iň oňat usuly kesgitlemek üçin weterinar lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
- Iýmit düzümine üns beriň. Onda ýeterlik mukdarda belok, taurin (pişikler üçin zerur aminokislota), witaminler we minerallar bolmaly.
- Pişiklerde käbir iýmitlere allergiýa ýa-da çydamsyzlyk bolup biler. Bu ýagdaýda gipoallergen iýmitleri saýlamaly.
- Pişigiňizi sagdyn ösdürip ýetişdirmek üçin yzygiderli iýmitlendiriň.
- Pişigiňize elmydama süýji, arassa suw beriň.
- Öz iýýän iýmitlerimiziň köpüsi pişiklere zyýanlydyr. Mysal üçin, şokolad, sogan, sarymsak, üzüm we kişmiş.
- Pişikleriň köpüsi laktoza çydamsyzdyr, şonuň üçin sygyr süýdi aşgazan agyrysyna sebäp bolup biler.
- Pişigiňize süňk bermäň. Süňk bokurdaga çümüp biler ýa-da pişigiň iýmit siňdiriş ulgamyna zeper ýetirip biler.
Dogry iýmitlendirmek, pişigiňiziň saglygynyň we uzak ömrüniň açarydyr. Dogrysy, pişigiňiziň saglygy bilen baglanşykly bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz weterinar lukmanyňyz bilen maslahatlaşmagy we öý haýwanyňyzyň ýagdaýyna gözegçilik etmegi ýatdan çykarmaň.
Arzuw Orazowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby