Rentgen şöhlesi ýa-da X-şöhlesi, adam bedenini we beýleki materiallary içgin öwrenmekde giňden ulanylýan ýokary energiýaly elektromagnit şöhledir. Ol ilkinji gezek 1895-nji ýylda germaniýaly fizigi Wilhelm Röntgen tarapyndan anyklandy. Rentgen şöhlesi lukmançylyk diagnostikasynda, senagatda, ylmy barlaglarda we beýleki ugurlarda giňden ulanylýar. Şeýle-de bolsa, bu şöhleler adam saglygyna we tebigata dürli derejede täsir edip biler. Şonuň üçin olaryň peýdalary bilen bir hatarda töwekgelçiliklerini hem anyk bilmek zerurdyr.
Rentgen şöhlesi saglygy goraýyş ulgamynda möhüm orun eýeleýär, sebäbi süňk döwülmeleri, baglanşykly myşsa we ligament keselleri, döş boşlugyndaky organlaryň ýagdaýy we diş keselini anyklamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, lukmanlar dogry bejerişleri saýlap, keselleriň öňüni almak ýa-da netijeli bejerişleri meýilleşdirip bilýärler.
Şeýle-de bolsa, rentgen şöhlesiniň biologik zyýany hem bardyr. Ol ionlaşdyryjy häsiýete eýe bolany üçin öýjükleriň DNA-syna täsir edip biler. Uzak möhlet ýa-da ýokary dozaly ekspozisiýalarda bu täsir üýtgeşmeleriň ýygnanylmagyna we birnäçe saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar. Esasan süňk, deri, limfoma ýa-da käbir içki organlaryň rak keselleriniň töwekgelçiligi ýokarlanýar. Mundan başga-da, geçiji alamatlar hökmünde deriniň gyzarmagy, şikeslenmegi, saç dökülmegi, güýçli kelle agyry we çalt ýadawlyk hem ýüze çykyp bilýär. Çaga we ýaş ulular, öýjükleri has gowşak bolany üçin, bu töwekgelçilige has köp duçar bolýar.
Uzyn möhletli ýa-da gaýtalanýan ekspozisiýa gan we kardio sistemasyna hem täsir edip biler. Şonuň üçin lukmançylyk işgärleri rentgen derňewlerini diňe zerur ýagdaýlarda we minimal dozada ulanmagy maslahat berýärler. Bu usul şöhle peýdasyny saglyk töwekgelçiligi bilen deňagramly saklamaga kömek edýär.
Häzirki zaman enjamlar we gorag çäreleri rentgeniň zyýanly täsirini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Ýörite gorag köýneklerň bedeniň belli böleklerini şöhleden gorap, deriniň, içki organlaryň we gan sistemasynyň howpsuzlygyny üpjün edýär. Mundan başga-da, aýna ekranlar we döwrebap tehnologiýalar minimal energiýa sarp edip, ýokary hilli suratlary bermäge mümkinçilik berýär. Bu çäreler şöhle töwekgelçiligini ep-esli azaltmaga ýardam edýär.
Hojatowa Jeren,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby



