Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak işleri köpugurly häsiýete eýedir. Döwletimiz raýatlaryň saglygyny goramakda durmuş ugurly syýasatyna, lukmançylyk hyzmatlarynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň üpjün edilmegine hem-de kämilleşdirilmegine, ekologiýa abadançylygyna, şol sanda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine möhüm ähmiýet berýär. Şunuň ýaly tutumlar ata Watanymyzy sözüň doly manysynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu netijeli işleri üstünlikli ýola goýmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini düşündirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda möwsümleýin kesellerden goranmakda berjaý edilmeli arassaçylyk düzgünlerini düşündirmek boýunça netijeli wagyz-nesihat işleri geçirilýär.
Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylda sebitde deňi-taýy bolmadyk, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäherinde hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş we lukmançylyk desgalarynyň ençemesi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolaryň biri hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezidir.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, raýatlarymyzyň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir
Kakaýewa Çemen
Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy