XIX asyrda aztekler (häzirki Meksikanyň çäginde ýaşaýan adamlar) kakaonyň bejeriş aýratynlyklaryny, şol sanda stenokardiýa (angina pektorisini) bejermek – ýürek myşsasyna gan ýetmezçiligi bilen baglanyşykly agyry diýip belläp geçipdirler.
Şondan bäri şokoladyň saglyga berýän peýdasy barada gyzyklanma artyp başlady, hatda ylmy işler hem edildi: alymlar henizem dünýäde iň meşhur önümleriň biriniň ýürek-damar ulgamy üçin peýdalydygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin gözleg geçirýärler.
Şokolad näme?
“Chokolatl” sözi Nahuatl (Aztek) dilinden gelýär. Bu söz “choko” – köpük we “atl” – suw manylaryny berýär. Ýagny, şokolad ilki içgi hökmünde ulanylypdyr.

Şokoladyň düzümi nämelerden ybarat?
Şokoladyň esasy düzümi kakao ybaratdyr. Kakao noýbasy we kakao tozany köp flawanollary we ösümlik polifenollaryny öz içine alýar. Ýürek-gan damar keselleriniň we süýji keseliniň töwekgelçiligini azaltmak üçin ylmy taýdan subut edildi
Şokoladdaky flawanollaryň mukdary kakao mukdaryna baglydyr, bu süýt ýa-da ak şokoladda peýdaly flawonollaryň azdygyny aňladýar. Şonuň üçin hünärmenler diňe ýokary kakao düzümi bolan şokoladlaryň (azyndan 70%) peýdaly häsiýetleriniň bardygyny aýdýarlar.
Şokoladyň adama edýän täsiri
Kakaonyň ýürege edýän täsirini öwrenýän iň meşhur we uly göwrümli gözlegleriň biri COSMOS tejribesidir. Onda 10 000-den gowrak gatnaşyjy 3,6 ýyldan gowrak wagt bäri her gün 500 milligram kakao tozanyny flawanollaryny ýa-da plasebo kapsulalaryny aldy. Netijede, flawanollary alan toparda ýürek-damar kesellerinden ölmek howpy 27% azaldy.
Şeýle hem taýýar şokoladyň düzüminde şekeriň, ýagyň we kaloriýa köpdügini ýatdan çykarmaly däldir, şonuň üçin bu önümi aşa köp ulanmaly dälsiňiz.
Kakao köp mukdarda şokolad ýürek üçin hakykatdanam peýdaly bolup biler, ýöne bu önüm bu keseli doly bejerjekdigini aňlatmaýar. Lukmanlar ýürek kesellerini bejermegiň we öňüni almagyň hemme taraplaýyn we beýleki köp faktorlara baglydygyny bellediler.
Gaýypowa Şasenem
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby


