Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde gara şokoladyň uly ýaşly adamlaryň saglygyna oňyn täsir edýändigi ýüze çykaryldy. 50 ýaşdan 64 ýaş aralygyndaky 50 müň meýletinçiniň gatnaşmagynda geçirilen barlaglarda önümi yzygiderli sarp etmegiň akyl ýetirme ukybyňy ýokarlandyrýandygy anyklanyldy. Şokoladyň esasy düzümi bolan kakaoda 40-50% ýag, 33% oleý kislotasy, 25% palmit kislotasy, 33% stear turşusy bar. Şol bir wagtyň özünde polifenollar tutuş kakao noýbasynyň gury agramynyň 10 göterimini düzýär.Şokolad ýürek saglygyna oňyn täsir edýär. Gözlegler şokolady yzygiderli iýýän adamlaryň ýürek keselleriniň has pesdigini görkezýär. Şokoladdaky flawonoidler gan basyşyny peseldýär, gan damarlaryny giňeldip we gan aýlanyşyny gowulaşdyrýar.
Gara şokolad – gan basyşyny peseltmekde, bedendäki gan aýlanyşyny gowulaşdyrmakda, ýürek saglygyny berkitmekde, holesteriniň derejesini peseltmekde, derini günüň zyýanly täsirlerinden goramakda örän uly peýdasy bardyr.Gara şokolad adam saglygy üçin örän peýdaly iýmitdir. Şeýle-de bolsa, ony entek ýeterlik mukdarda sarp etmeli. Artykmaç sarp edilende ganda şekeriň mukdaryny köpeldip saglyga oňaýsyz täsir edip biler. Gara şokolad antioksidanta baý bolup, ýürek saglygyny gowulaşdyrýar. Taryha ser salanymyzda, şokolad Günorta Amerikada kakao ösümligini ösdürip ýetişdiren ilkinji adamlar bolan maýalylardan başlanýar. Maýalylar ony «Taňrylaryň iýmiti» diýip atlandyrypdyrlar. Şokoladyň çişmä garşy häsiýetleri bedende çişmegi azaldyp, immuniteti güýçlendirýär. Bu käbir dowamly keselleriň döremek howpuny azaldýar.
Megerem şokolady halamaýan ýok bolsa gerek. Şeýle-de bolsa, şokolady aşa köp iýmek hem saglyga zyýanly bolup biler. Ýagny günde, takmynan, 10 gram gara şokolad iýmek işjeňligiň we çydamlylygyň ýokarlanmagyna getirýär.
GURBANMÄT DURDYMÄDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň
1-nji ýyl talyby