Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Gakynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyny gorap saklamak hakynda yzygiderli tagallalar edilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýan maksatlarymyzy durmuşa ornaşdyrmaga, uzak ýaşamagymyza we ýaşan ömrümiziň lezzetini duýmaga kömek edýär. Adamzat ömründäki lezzeti we şatlygy diňe öz saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin hem, biz durmuşda ilkinji nobatda saglygyň gadryny bilmelidiris. Sport bilen meşgullanmak bolsa, munuň iň ygtybarly ýoludyr. Saglyk — bu bahasyna ýetip bolmajak her bir adamyň, maşgalanyň, jemgyýetiň baýlygydyr. Yzygider sport we beden taplama bilen meşgullanýan adamyň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokary bolýar. Hereket sagdynlygyň sakasy, esasy gözbaşy hasaplanýar. Adam näçe köp hereket etdigiçe, onuň gan aýlanyşygy gowulaşýar, süňňi barha taplanýar. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň baş hazynasydyr. Raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak durmuş-ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.
Arkadagly Serdarymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzda sport ulgamyny halkara talaplaryna laýyk kämilleşdirmäge, sagdyn durmuşy wagyz etmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini we ýokary derejedäki türkmen sportuny ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berýär. Halkyň saglygy üçin ýola goýlan amala aşyrylýan işler, döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň sagdynlygy we bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyrylýan beýik taglymatynyň miweleridir.
Saparmyrat AMANOW,
Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň türgeni