Türkmenistan çaga lukmançylygy pudagynda möhüm üstünlik gazandy: ýerli lukmanlar “okklýuzion hydrosefaliýa” diagnozy bilen täze doglan çagada ilkinji neýrohirurgiýa operasiýasyny üstünlikli amala aşyrdylar.
Özboluşly bejergi ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna berilýän ulgamlaýyn goldawyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan edilýän kömegiň netijesinde amala aşyrldy.
Operasiýa Balkan welaýatynda doglan bir aýlyk çagada geçirildi. Diagnozyň seljerilmesinden, maslahatlardan we ylmy delillerden soň lukmanlar operasiýa etmek kararyna geldiler. Bejergi ýurdumyzyň lukmançylyk merkezinde türkmen hünärmenleri tarapyndan geçirildi we üstünlikli tamamlandy. Häzirki wagtda çaganyň ýagdaýy durnukly: ol rahat ýatýar, maşgalasy bilen aragatnaşyk saklaýar we gün-günden has-da gowulanýar.
Bu waka ýurtda ýokary tehnologiki lukmançylygyň ösüşiniň aýdyň mysaly boldy. Türkmenistanda lukmançylyk pudagyny ösdürmek, şeýle hem çylşyrymly hirurgiki çäreleri halkara ülňüleri derejesinde ýerine ýetirip biljek hünärmenleri taýýarlamak üçin köp işler alnyp barylýar.
Türkmenistanda lukmançylyk başlangyçlary “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň we “Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek” Milli strategiýasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Bu işleri goldaýan esasy hyzmatdaşlaryň biri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasydyr. Gaznanyň serişdeleri esasynda çylşyrymly operasiýalar maliýeleşdirilýär, döwrebap enjamlar satyn alynýar we agyr keselleriň bejergisi üçin goldaw berilýär.
Şeýle hem gazna halkara lukmançylyk hyzmatdaşlygyny goldaýar
Germaniýanyň öňdebaryjy hassahanalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen lukmanlary kardiýohirurgiýa, ortopediýa we seýrek duş gelýän keselleriň diagnostikasy babatda tejribe alyşýarlar. Netijede, soňky ýyllarda ýurdumyzda ozal diňe daşary ýurtlarda elýeterli bolan çylşyrymly operasiýalary geçirmek mümkinçiligi döredi.
Operasiýa edilen täze doglan çaganyň ene-atasy ýokary derejeli lukmançylyk kömegini üçin lukmançylyk we döwlet işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärler.
Bu kiçijik çaganyň başyndan geçiren şowly hekaýasy ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynyň ösüşiniň we Türkmenistanyň durnukly hem-de deňhukukly saglygy goraýyş ulgamyny döretmäge ymtylýandygynyň nyşanyna öwrüldi.


