Ukusyzlyk zerarly ýetirilen zyýanyň öwezini dolup bolmaz. Ukusyzlyk howpy, goşmaça uky bilen çalt öwezini dolup bolmaýan metabolik saglyga uzak möhletleýin zyýanly täsirlerdir. Lankaster uniwersitetiniň biomedisina fakultetiniň professory Adam Teýlor bu barada Söhbetdeşlige aýtdy.
Alym ulularyň günde ýedi sagatdan köp uklamalydygyny aýtdy. Ýeterlik uky alyp bilmeýän hroniki ukypsyzlyk, depressiýa, süýji keseli, semizlik, ýürek agyry, gipertoniýa we insult ýaly dürli keselleriň döremek töwekgelçiligi bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle-de bolsa, ukusyzlygyň esasy howpy beýle töwekgelçilikleriň bolmagy däl-de, eýsem uzak möhletleýin ýaramaz täsiridir. Ukusyzlykdan gutulmak üçin wagt her adamda dürlüdir. Käbirleri üçin gowy uky, olary dikeltmek üçin ýeterlikdir. Beýleki adamlar üçin birnäçe gün ýa-da hepde gerek bolup biler.
Teýlor, dikeldiş ukusynyň köplenç uky ýetmezçiligi döwründe bedende bolup geçýän metabolik üýtgemeleri tersleşdirmeýändigini düşündirdi. Bu, adam ýeterlik ukydan soň hem gandaky şeker derejesiniň ýokarlanyp biljekdigini aňladýar. Bu, glýukoza çalşygynyň bozulandygyny görkezýän insuline duýgurlygyň peselmegine degişlidir. Alym ukynyň ýetmezçiliginiň netijesinde agramyň artyp biljekdigini hem aýtdy.
Gunça ÝEGENDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby