Üzümiň adam saglygy üçin peýdasy örän köpdür. Üzüm diňe terligine iýilmän eýsem ondan ýokary hilli kişmiş, toşap, mürepbe taýýarlanylýar. Onuň düzüminde fruktoza, glýukoza, sahoroza ýaly uglewodlar, 80 göterime çenli suw, organiki turşular, pektinler bar. Miwelerinde margenes, kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, alýuminiý, fosfor, kremniý ýaly mineral maddalar we mikroelementler, B, C, P, PP toparynyň witaminleri, fermentler saklanýar. Mundan başga-da, üzümiň örän güýçli antiseptiki täsiri bar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ganazlygy, käbir ýürek-damar kesellerini, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny, bogun agyrysyny üzüm bilen bejermek mümkin.
Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy.Şeýle-de gan basyşyň peselmegine ýardam berýär.
Gan basyşy ýokary bolan 800 adamyň gatnaşmagynda, 16 sany ylmy-barlaglar geçirildi. Barlaga gatnaşyjylara her gün 100-den 2000 milligrama çenli üzüm dänesinden taýýarlanan ekstrakt berildi. Şonuň netijesinde, adamlaryň gan basyşy belli bir derejede peselipdir. Bu ýagdaý adamyň bagry üçin hem degişlidir. Üzüm dänesiniň ektrakty bagry dürli zyýanly zatlardan goraýar. Üzüm dänelerinden taýýarlanan ekstrakt süňkleriň çeýe bolmagy üçin hem örän peýdalydyr. Mundan başga-da, üzümiň dänesi kadaly iýlen halatynda böwregiň işini sazlaýar we ondaky çişmeleriň hem azalmagyna mümkinçilik döredýär.
Üzüm terligine hem-de kişmiş görnüşinde giňden ulanylýar. Kişmişiň düzümindäki bor osteoparoz keseliniň öňüni almakda, marganes galkan görnüşli mäziň kadaly işlemeginde, demir, magniý we В witamin topary adam bedenini gurplandyrmakda, ganazlygyň öňüni almakda peýdalydyr.
Üzümi semizlikden, süýjüli diabetden, allergiýa keselinden ejir çekýän adamlara seýrek we az mukdarda iýmek maslahat berilýär.
ARBAPOWA ALTYN.
Daşoguz şäheriniñ daşary ÿurt dillerine ÿöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniñ mugallymy




