Kopengagen uniwersitetiniň alymlary gök önümleriň adamyň öýken saglygyna oňyn täsir edip biljekdigini anykladylar. Iýmitiňize käbir ösümlik esasly iýmitleri goşmak demgysma keseliniň döremeginiň öňüni alyp biler.
Amerikaly alymlar ýaprakly gök önümleriň adamyň öýkeni üçin peýdalydygyny kesgitlediler. Munuň üçin 4000 töweregi adamyň gatnaşmagynda synag geçirdiler. Alymlar gatnaşyjylaryň metaanalizlerini deňeşdirip, käbirlerinde K witaminiň ýetmezçiligini ýüze çykardylar, netijede bu madda ýetmezçilik edýän adamlaryň öýken kesellerine duçar bolandyklaryny anykladylar.
K witamini öýkeniň saglygyny goramagyň açarydyr we köp mukdarda ýaşyl we ýaprakly gök önümlerde bolýar. Şonuň üçin bu önümler her bir adamyň gündelik iýmitine goşulmalydyr.
Alihan RAJABOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby