Koliforniýa uniwersitetiniň alymlary yssy howanyň gartaşan ýaşly adamlaryň içegelerine, bagryna we beýnisine edýän zyýanly täsirini tapdylar. Gözlegiň netijeleri “Scientific Reports” žurnalynda çap edildi.
Synaglaryň dowamynda hünärmenler garry syçanlary ýylylyk stresine sezewar etdiler. Haýwanlarda bagyr tarapyndan öndürilýän ORM2 belogynyň işlenip çykarylmagynyň ep-esli ýokarlanmagy hasaba alyndy. Zyýanly täsirleri subut edip, streslere sezewar bolmadyk syçanlaryň gözegçilik toparynda hiç hili üýtgeşme bolmady.
ORM2 sekresiýasynyň ýokarlanmagy, içegäniň çişmegi we deňagramsyzlygy sebäpli dörän kompensator mehanizmi diýip çaklanylýar. Mundan başga-da, ORM2 gematoensefaliki barýeriniň üsti bilen beýnä täsir edip, içegäniň, bagryň we beýniniň bilelikde işlemegini bozup biler.
Netijeler, ORM2-iň ýylylyk stresine sezewar bolanda biomarkerlere täsir edip, bagyr keseliniň öňüni almak üçin ulanylmagynyň mümkindigini görkezýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby