Weather Data Source: wetterlabs.de
Ýurdumyza “Sputnik Laýt” sanjymy getirildi - Saglyk - Gorogly.com

Ýurdumyza “Sputnik Laýt” sanjymy getirildi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, “Moskwa-Türkmenabat-Moskwa” ugry boýunça ýerine ýetirilen ýörite gatnaw arkaly türkmen tarapynyň satyn alan koronawirus ýokanjyna garşy işlenip taýýarlanan rus “Sputnik Laýt” sanjymy Türkmenistana getirildi.

Ýatladyp geçsek, 2021-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Sputnik Laýt” waksinasyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň “Sputnik Laýt” waksinasy 15 ýurtdan gowragynda belgä alyndy we ýene 30 ýurtda bu waksinanyň bellige alynmagy dowam edýär.

Mundan başga-da, Russiýada öndürilen COVID-19 ýokanjyna garşy öndürilen “EpiVacCorona” we “Sputnik-V” sanjymlary hem Türkmenistanda resmi taýdan bellige alyndy.

Habary paýlaşyň:

Добавить комментарий