Ösümlik esasly belok ýürek keselleriniň döremek howpuny 27% azaldar.
Garward uniwersitetiniň amerikan alymlary iýmitlenişdäki üýtgeşmeleriň ýürek-damar keselleriniň (CVD) döremek ähtimallygyna nähili täsir edýändigini anykladylar. Bu barlag “American Journal of Clinical Nutrition (AJCN)” atly ylmy neşirde çap edildi.
Topar 30 ýyldan gowrak toplanan 203,000 erkekliň we aýallaryň iýmitleniş kadasy, ýaşaýyş durmuşy we ýürek saglygy baradaky maglumatlary ulandy. Hünärmenler her gatnaşyjynyň bir günde umumy belok kabul edişini, şeýle hem haýwan we ösümlik önümlerinden belogyň paýyny hasapladylar. Synag döwründe 16,1 müň sany ýürek-damar keseli, şol sanda 10 müňden gowrak işemiki ýürek keseli we 6 müňden gowrak insult keseli hasaba alyndy. Derňew, iýmitdäki ösümlik we haýwan beloklarynyň takmynan deň gatnaşygy ýürek saglygyny gowulaşdyrýandygyny görkezdi.
Ösümlik we haýwan belogynyň 1 : 1,3 gatnaşygynda iýmitlenen gatnaşyjylar, ýürek-damar kesellerinden 19%, işemiki ýürek keselinden ejir çekmek ähtimallygy 1 : 4 gatnaşygynda iýmitlenen gatnaşyjylar bilen deňeşdirilende 27% az duşýandygy anyklanyldy. Şeýle hem, iýmitdäki gyzyl we gaýtadan işlenen etleri hoz bilen çalyşmak insult töwekgelçiligini has-da peseldip, gan basyşyny kadalaşdyrdy we sowuklama biomarkerleriň derejesini peseltdi.
NURANA GURBANGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby