Adam üçin ähli ýaglar zyýanly bolman olaryň arasynda peýdalylary hem bar. Saglyk üçin peýdalylaryň sanawynda ilki bilen zeýtun ýagy bar. Zeýtun ýagynyň 80%-i beden üçin örän möhüm bolan doýmadyk ýag kislotalarydyr.”Zeýtun ýagyny iýmegiň ýürek keselleriň töwekgelçiligini azaldyp biljekdigi eýýam subut edildi”-diýip Warfolomeýew belleýär. Zeýtun ýagynyň düzümindäki antioksidantlaryň barlygy sebäpli sowuklama garşy täsiriniň bardygyny belleýärler.
Raps ýagy – ondaky olein kislotasy ganyň holestirininiň derejesini hem peseldýär. Mundan başga-da onuň düzüminde diňe bir E witami däl, eýsem köp mukdarda omega 3 ýag kislotalary hem bar, meselem balyklarda ýaly.
Ýürege peýdaly ýaglaryň ýene biri zygyr ýagydyr. Onda omega 3 peýdaly ýag kislotalary balyk ýagyndan hem köpdür. Bu ýag diňe bir gandaky holestiriniň derejesini peseltmän, eýsem adam beýnisi üçin we guragyry üçin hem örän peýdalydyr.
Şeýle-de bu sanawda hoz ýagy hem bar. Bu ýag kislotalarynyň kömegi bilen ýürek-damar ulgamynyň sagdynlygyny üpjün edýär, şeýle-de iýmit siňdiriş işine ajaýyp täsir edýär. Ýöne lukmanlar kabul edilmeli mukdaryny unutmazlygy ýatladýarlar. Kardiolog ýürek üçin bütin çüýşe ýagy içmeli däl-de, günde bir çemçe içmeligini belleýär.
Soltanjemal Hudaýberdiýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby