Zeýtun ýagy üýtgeşik düzüme eýe
Zeýtun ýagynyň esasy syry onuň özboluşly düzüme eýedigidir. Ol adam bedeni tarapyndan 100% siňdirilýän peýdaly komponentleriň hakyky ammarydyr.
Zeýtun ýagynda köp mukdarda antioksidantlar we A, K witaminleri siňdirmäge kömek edýän E witamini bar, bu tebigy “zynjyr reaksiýasynyň” netijesi bedeniň saglygy, deriniň, saçyň we dyrnaklaryň ýagdaýynyň gowulanmagydyr.
Zeýtun ýagy iýmit siňdiriş ulgamy üçin peýdaly
Zeýtun ýagy iýmit siňdiriş ulgamy üçin örän peýdalydyr. Aşgazanyň, içegeleriň, aşgazanasty mäziniň we bagryň işjeňligini gowulandyrýar, aşgazan we on iki barmakly içege ýaralarynyň bejergisini ýokarlandyrýar.
Üç aýlap ajöze bir çemçe zeýtun ýagyny peýdalanmak, aşgazan ýaralaryny we gastritleri bejermäge kömek edýär, şeýle ýagdaýda bir çemçe günebakar ýagy aşgazan-içege keselleriniň güýçlenmegine sebäp bolup biler.
Zeýtun ýagy ýürek üçin peýdaly
Zeýtun ýagy ýürek-damar keselleriniň, esasanam ýürek agyrylarynyň we insultlaryň, şeýle hem rak keseliniň öňüni almak üçin tebigy serişdedir. Munuň syry, aterosklerotik plakatlaryň gan damarlarynyň diwarlaryna girmeginiň öňüni alýan we hatda eýýäm bar bolanlary ýok edýän Omega-3 doýgun ýag kislotalarynyň mukdaryndadyr.
Günde iki nahar çemçesi zeýtun ýagy peýdalanylanda ýürek gowy işlär. Mundan başga-da, alymlar zeýtun ýagynyň düzümindäki olein kislotasynyň rak öýjükleriniň işjeňligini basyp ýatyrýan geni stimulirleýändigini anykladylar. Şoňa laýyklykda rak keseliniň döremek howpy azalýar.
Zeýtun ýagynyň çagalar üçin peýdalary
Çagalar üçin zeýtun ýagy, esasanam, çagalar we göwreli aýallar üçin peýdaly, sebäbi ondaky ýag kislotalary düwünçegiň beýnisiniň, süňküniň we nerw ulgamlarynyň emele gelmegine gatnaşýar. Bedende linol kislotasynyň ýetmezçiligi birnäçe deri kesellerine sebäp bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.
Gowurmak üçin zeýtun ýagy
Zeýtun ýagy gowurmak üçin iň gowy ýaglaryň biridir, sebäbi gurluşyny ýokary temperaturada saklaýar we ýanmaýar. Zeýtun ýagynyň ýanma nokady 238-242 dereje. Bu ýag doýmadyk ýag kislotalarynyň azlygy sebäpli okislenmeýär diýen ýaly.
Kosmetologiýada zeýtun ýagy
Gadymy döwürlerden bäri zeýtun ýagy kosmetologiýada giňden ulanylýar. Gözelligi we ýaşlygy goramak, saklamak üçin Gadymy Gresiýanyň aýallary zeýtun ýagyna esaslanýan örtükleri yzygiderli ulanýardylar.
Häzirki wagtda “Extra Virgin” zeýtun ýagyna esaslanýan kosmetika gaty meşhur. Dürli kremlere, örtüklere, şampunlara we sabynlara girýär.
Aýlar Jumaýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


