Instagramyň ýolbaşçysy Adam Mosseri platformanyň teležurnalistler üçin aýratyn programma taýýarlamaga başlandygyny mälim etdi. Gysga wagtda Instagramy telewizorda görüp bileris.
Meta kompaniýasynyň düzüminde işleýän Instagram häzirki wagtda dünýäde iň meşhur sosial media platformalarynyň biridir. TikTok ýaly gysga wideolardan ybarat bolan Reels arkaly bu meşhurlygyny saklamagy başardy. Indi bolsa Instagram garaşylmadyk ädim bilen öňe çykýar.
Adam Mosseri tarapyndan berlen beýanata görä, Instagram häzirki wagtda özüniň telewizor goşundysyny döretmek üçin iş alyp barýar. Bu goşundy, kompaniýanyň wideo mazmunlaryna has köp üns bermäge çalyşmagy bilen baglanyşykly.
YouTube bilen bäsdeş bolmak islegi
Instagram eýýäm wideo ulgamynda öňe çykmagy başardy. Reels wideolaryna gysga görnüşde-de, uzyn görnüşde-de tomaşa edilip bilinýär. Indi bu mümkinçilik has köp ulanyja ýetirilmegi üçin TV goşundysy taýýarlanylýar. Şu usul bilen kompaniýa, häzirki wagtda telewizion bazarda agalyk edýän YouTube bilen bäsleşip biler. Ýakyn wagtda adamlara telewizorda sagatlap Instagramyň reels wideolaryny görmek mümkin bolar.
Mosseri, Bloomberg telekanalyna beren beýanynda, eger-de şeýle platformalaryň ulanylyş endikleri telewizora geçýän bolsa, olaryň hem şol ýoldan gitmelidigini aýtdy. Häzirki wagtda bu taslama diňe gözleg derejesinde bolup, entek resmi karar ýok. Hatda şeýle bir goşundynyň, aslynda öňden bäri bolandygyny hem nygtady.
Gysgaça aýdanyňda, Instagramyň TV üçin niýetlenilen goşundysy entek resmi däl, ýöne üstünde pikir edilýär. Eger-de durmuşa geçse, nädip kabul ediljegi gyzykly bolar. Instagramyň 3 milliard töweregi aýlyk ulanyjysy bar. Reels bilen wideolara gyzyklanma-da ep-esli derejede artdy. Şonuň üçin bu goşundy üstünlik gazanyp biler.



