Soňky döwrüň iň çalt ösýän aragatnaşyk platformalarynyň biri bolan “MAX” messenjeri, adyny resmi taýdan kiril elipbiýindäki “МАКС” görnüşine üýtgetdi. 21-nji aprelde mälim edilen bu üýtgeşmä laýyklykda, programmanyň döredijileri latyn elipbiýindäki adyndan doly ýüz öwrüp, ähli platformalarda täze ada geçdiler. Bu üýtgeşme diňe bir programmanyň resmi saýtynda däl, eýsem App Store we Google Play ýaly esasy goşundy dükänlerinde hem dessine amala aşyryldy.
”Maksimum mümkinçilikler” we ulanyjy sany
Messenjeriň baş direktory Farit Husnoýarowyň öňräk belläp geçişi ýaly, “МАКС” ady platformanyň esasy maksadyny, ýagny ulanyjylara “maksimum mümkinçilikleri” hödürlemek ideýasyny şöhlelendirýär. Asyl “MAX” ady, programma 2025-nji ýylyň mart aýynda işe girizilenden bäri diňe bir ýyldan gowrak wagt ulanyldy. Şu gysga döwrüň içinde platformada 107 milliondan gowrak ulanyjy hasaba alyndy. Belläp geçsek biz öň Messenjerini Häzirki wagtda ulanyjylar bu ulgamyň üsti bilen gündelik ortaça 1,5 milliard hat alyşýarlar we 30 milliona golaý wideo/sesli jaň edýärler. Öň habar berşimiz ýaly, Max Messenger Türkmenistandaky ulanyjylaryň +993 sebit kodyny ulanmak arkaly has giň auditorýa ýetmek üçin ädimler ädipdi.
Täze funksiýalar we işewürlik çözgütleri
”Maks” messenjeri soňky alty aýyň dowamynda diňe bir adyny üýtgetmek bilen çäklenmän, eýsem ulanyjylara birnäçe möhüm innowasiýalary hem hödürledi. Bularyň hatarynda ýörite işewürlik (biznes) bölümi, A+ derejeli kanallar üçin niýetlenen ýörite bellikler we 40-dan gowrak ýurtdan täze ulanyjylaryň hasaba alynmagy üçin döredilen mümkinçilikler bar.
Bu täze adyň we swçümleriň girizilmegi, messenjeriň diňe bir aragatnaşyk guraly bolman, eýsem global derejede uly işewürlik we jemgyýetçilik platformasyna öwrülýändigini aýdyň görkezýär. Sanly dünýädäki bu ösüşler, ulanyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak we aragatnaşygy has-da ýeňilleşdirmek ugrunda atylan möhüm ädimleriň biri bolup durýar.


